Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ekologik abadançylyk — ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti
Teswirlemeler
Ekologik abadançylyk — ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti
Çap edildi 09.07.2025
103

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan wezipeleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda başlangyçly, jogapkärli orny eýelemek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy.

Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek meselesi aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýer togalagy biziň umumy öýümizdir, biz ony umumadamzat abadançylygynyň bähbidine geljek nesiller üçin aýap saklamalydyrys. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde işjeň orny eýelemek, bu maksatlary milli strategiýalara, maksatnamalara we taslamalara ornaşdyrmak bilen, Türkmenistan ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ulgamyndaky ählumumy meseleleri çözmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär. Bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ekologiýa babatda onlarça halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara goşulyp, Türkmenistan ylalaşylan bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemeginiň we onuň ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şunda Türkmenistanyň öňe süren BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy möhüm ähmiýete eýedir.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna we Pariž ylalaşygyna gatnaşyjy ýurt hökmünde, Türkmenistanda olary durmuşa geçirmek boýunça möhüm çäreler görülýär, şol sanda energetika, senagat, ulag ulgamlaryna, ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna ekologiýa taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylda metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi. Mälim bolşy ýaly, bu gaz kömürturşy gazyndan soň howanyň ählumumy maýlamasynyň ikinji çeşmesidir. Şol ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) eden çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan etdi.

Geçen ýylyň noýabrynda Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi. Ony iş ýüzünde amala aşyrmak üçin çäreler toplumy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy. «Ýol kartasy» energetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, beýleki degişli çäreleri durmuşa geçirmek arkaly 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryny tassyklamaga, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryna goşant goşmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, degişli ýöriteleşdirilen edaralar, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik we beýleki düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek meýilleşdirilýär.

Howa hem-de tebigaty goramak meseleleri boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan sebitdäki ýagdaýlara-da aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Merkezi Aziýa babatda BMG-niň maksatlaýyn ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Onda hem bu möhüm ugra aýratyn üns berler.

Türkmenistan çölleşmä garşy göreşmek babatda-da uly işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Er-Riýad şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşandygyny nygtamak gerek. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryna Merkezi Aziýada we goňşy döwletlerde çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek teklibini goşmak möhüm ähmiýete eýedir.

Hazar sebitinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge hem aýratyn üns berilýär. Türkmenistan Hazaryň özboluşly ekoulgamyny we biodürlüligini gorap saklamaga, onuň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen anyk çäreleri durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň öňe süren teklibi we goldawlary esasynda «Hazar ekologik başlangyjynyň» işlenip taýýarlanylmagy uly ähmiýete eýe boldy. Bu resminama tanyşmak üçin ähli Hazarýaka döwletlere iberildi.

Sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistan Aral deňziniň ekologiýa meseleleri bilen bagly çäreleri hem durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, 2017 — 2019-njy ýyllarda ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edip, bu gaznanyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we onuň işiniň kämilleşdirilmegine mynasyp goşant goşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral boýunça Milli maksatnamasyny kabul eden sebitdäki ýeke-täk döwletdigini bellemek gerek. Aral meselesi Merkezi Aziýanyň çäklerinden daşarky sebitlere-de öz täsirini ýetirýär. Munuň özi abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek esasynda ulgamlaýyn halkara hyzmatdaşlygy üçin berk binýady döretmek zerurlygyny öňe çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu meseläniň has anyk we giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň esasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini goldamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär.

Ekologiýa ugry ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň hem möhüm düzüm bölekleriniň biridir. Onda ýaş türkmenistanlylary bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga çekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşlaryň ekologiýa meseleleri, şol sanda howanyň üýtgemegi, onuň netijeleri we durnukly durmuş-ykdysady ösüşe täsiri baradaky bilimlerini artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň degişli edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça başlangyçlarynyň 2025-nji ýyl üçin «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap Watanymyz ekologiýa gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça giň sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Türkmenistanyň öňe sürýän «ýaşyl» diplomatiýasy bu ugurda öňde duran möhüm wezipeleri çözmäge, ählumumy durnukly ösüşi gazanmakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny höweslendirmäge we goldamaga gönükdirilendir.

Soňky habarlar
09.07
Ekologik abadançylyk — ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti
09.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz halkara çäreleriň geçiriljek desgalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy
09.07
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
08.07
2025-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.07
Azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagy — oba hojalyk özgertmeleriniň baş maksady
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
top-arrow