Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Adam baradaky alada — Bitarap Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugry
Teswirlemeler
Adam baradaky alada — Bitarap Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugry
Çap edildi 16.04.2025
326

Şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen Bitaraplyk taglymatyna, ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk we ynanyşmak däpleriniň dabaralandyrylmagy ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryna berilýän ýokary bahanyň nyşany boldy. Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda üçünji gezek ykrar edilmegi demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji hem-de parahatçylyk söýüji halkymyzyň abraýyny belent derejä göterýär.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etmek bilen, Türkmenistanyň ösüşi üçin amatly içerki we daşarky şertleri döredýär. Bu, öz gezeginde, döredijilikli maksatlara hyzmat edýär: bar bolan maliýe we serişde gorlary ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirilip, bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy arkaly adam maýasyna maýa goýumlar goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmäge bagyşlanyp, 15-nji fewralda geçiren iş maslahatynda nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň raýatlary Bitaraplyk düşünjesini, onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidirler hem-de duýmalydyrlar. Munuň üçin ähli esaslar bar. Bitaraplyk hukuk derejesi Watanymyzyň durnukly we okgunly ösmegine, daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine, kiçi we orta telekeçiligiň işjeňleşdirilmegine, önümçiligiň senagatlaşdyrylmagyna, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi yglan edileni bäri geçen döwürde ýurdumyz ykdysadyýetiň durnukly ösüşini, jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklamagy başardy. Bu görkeziji häzirki wagtda hem 6,3 göterim derejede saklanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymaty hem-de “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesi XXI asyrda durmuş ugurly we oňa jogapkärçilikli çemeleşýän, toplumlaýyn ösüşi üpjün edýän jemgyýetçilik ösüş nusgasy baradaky düşünjäni kesgitledi. Berk hukuk binýadyna daýanýan işjeň durmuş syýasaty milli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan etmek bilen, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär hem-de raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar. Bu ýörelge Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň baş ugruny kesgitleýär. Esasy Kanunymyzyň binýadynda ýurdumyzda birnäçe kanunlar kabul edilip, olarda konstitusion hukuklar has-da ösdürildi we kepillendirildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, Maşgala kodeksini, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini, “Durmuş hyzmatlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we beýleki kanunçylyk namalaryny görkezmek bolar.

Milli kanunçylygymyza laýyklykda, döwletiň durmuş syýasaty birnäçe ugurlar boýunça durmuşa geçirilýär. Şol sanda raýatlaryň goldawa mätäç toparlarynyň maddy üpjünçiligi, durmuş goraglylygy boýunça alnyp barylýan işler olara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi we durmuş ýeňillikleriniň berilmegi arkaly amala aşyrylýar. Ýedi ýyla niýetlenen Prezident Maksatnamasynyň we şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda işlenip taýýarlanan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” diňe bir ähli pudaklar boýunça garaşylýan makroykdysady görkezijiler, önümçilik meýilnamalary däl, eýsem, durmuş syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi, ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly çäreler hem kesgitlenendir. Maksatnama laýyklykda, şu ýylda täze kärhanalaryň gurulmagy netijesinde 3 müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Bular barada şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde-de aýdyldy. Hökümet mejlisinde beýan edilen maglumatlar durmuş syýasatynyň degişli döwürdäki işleriniň gerimini we sepgitlerini aýdyň şöhlelendirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda ulanmaga berlen 86 sany iri desganyň hatarynda Aşgabat şäherindäki Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, “Bagtyýarlyk” suw arassalaýjy desgasy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany dokuz gatly ýaşaýyş jaý toplumlary, Daşoguz şäherindäki 70 sany dört gatly ýaşaýyş jaýy we desgalar toplumy, 5 sany orta mekdebiň hem-de 2 sany çagalar bagynyň binalary görkezildi. Şunuň bilen birlikde, açylyp ulanmaga berlen 1 million 145 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary müňlerçe maşgalanyň täze jaýlara göçüp barmagyna mümkinçilik berdi.

2024-nji ýylda bilim ulgamyny özgertmek işi hem dowam etdirildi. Bu ulgamda okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanylyp, sanly bilim bermek işi ýaýbaňlandyryldy, okuw kitaplary we gollanmalar neşir edilip, elektron ylmy žurnallar döredildi, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Bu üstünlikleriň binýadynda çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, ukyp-başarnyklaryny, zehinini açmaklary üçin has amatly şertleri döretmek üçin bilim edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wezipeleri kesgitlenildi.

Milli saglygy goraýyş ulgamy üstünlikli ösdürilip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmäge, saglygy goraýyş edaralarynda öňdebaryjy enjamlaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen ynsanperwer işler amala aşyryldy. Mary welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň açylmagy geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk mekdepleri, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Durmuş düzümlerini ösdürmek maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.

Bu iri meýilnamalary maliýeleşdirmek işi “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda üpjün ediler. Bu Kanunyň taslamasy Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň geçen ýylyň noýabrynda geçirilen ýedinji maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylyp, biragyzdan kabul edildi hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanyldy. Türkmenistanyň okgunly ösmegini milli maksatnamalaryň möhüm ugry hökmünde hasaba almak bilen, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň serişdeleriniň uly bölegi durmuş ulgamynyň ösüşine gönükdirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we hiliniň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň hasabyna iş üpjünçiliginiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy; adamlaryň saglygyny berkitmek we ömür dowamlylygyny uzaltmak; bilim derejesini, aň-paýhas we medeni mümkinçilikleri ösdürmek; ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmek; ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlary bolmagynda galýar.

Ykdysady we durmuş ýagdaýynyň esasy görkezijileriniň biri bolup durýan ilatyň aýlyk zähmet haklary hem-de girdejileri barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu ulgamda alyp barýan syýasaty zähmet haklarynyň we girdejileriň çeýe dolandyrylmagyny göz öňünde tutmak bilen, ilatyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny maksat edinýär. Býujet ulgamynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň nobatdaky gezek 10 göterim ýokarlandyrylmagy bilen bir hatarda, birnäçe raýat toparlaryna — weteranlara, fiziki taýdan mümkinçiligi çäkli adamlara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara goşmaça durmuş ýeňillikleri berilýär. Döwlet býujetine laýyklykda, maýa goýumlaryň kesgitlenen möçberi ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirilýär.

Türkmenistanyň durmuş syýasaty maşgala institutyny, eneligi we çagalygy hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilendir. Şu ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen dabaralar hem munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Onuň çäklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabaralary geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlar dakyldy, olaryň birnäçesine ýokary amatlykly öýleriň açarlary gowşuryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň köp çagaly zenanlarynyň 253-sine “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Birnäçe ýeňillikleri göz öňünde tutýan bu hormatly at eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlaryna goýulýan hormatyň nyşany hökmünde döwletimizi ösdürmegiň maksatnamalarynda maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga möhüm ähmiýet berilýändigine güwä geçýär.

Ýurdumyzda köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goralmagy bilen bir hatarda, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin şertleriň döredilmegine, ýaşlaryň dürli ugurlarda döwletimiz tarapyndan goldanylmagyna hem uly üns berilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine, Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam berýän birnäçe ýeňillikleri üpjün edýär. Döwletimiz bilim, ylym, medeniýet we sungat ugurlarynda, çylşyrymly durmuş ýagdaýlarynda, maşgala guranlarynda, telekeçilik işinde we beýleki meselelerde ýaşlara kömek-goldawlary berýär. Meselem, ýaşlaryň okuwlarynyň arasynyň bölünmezligini we dogry käre ugrukdyrylmagyny gazanmak maksady bilen, mekdebi tamamlan we ýokary ýa-da orta hünär bilimi edaralarynda okuwlaryny dowam etdirmek isleýän ýaş ýigitler giriş synaglaryny tabşyrmak üçin harby gulluga çagyrylyşyny bir gezeklik yza süýşürmek hukugyna eýe boldular. Bilim edarasyny tamamlap, zähmet ýoluna başlan ýaş hünärmenler üçin girdeji salgydy iş döwrüniň birinji ýylynda 50 göterim, ikinji we üçünji ýylda bolsa 25 göterim azaldyldy.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasynda kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlary döwlet tarapyndan goldamagyň ugurlary bellenilýär. Şeýle ýagdaýa düşen ýaşlary zerur durmuş kömegi we hukuk goraglylygy bilen üpjün etmek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek; bilimiň, hünäre ugrukdyrmagyň, işe ýerleşmegiň, telekeçilik işini guramagyň we goldawyň beýleki çäreleriniň ugurlaryny we görnüşlerini saýlamagyň meseleleri boýunça kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlara durmuş-hukuk, psihologiýa-mugallymçylyk, maglumat hem-de maslahat beriş kömegini işjeňleşdirmek babatda çäreleri işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek şol ugurlaryň hataryndadyr.

2021-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen “Durmuş hyzmatlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň binýadynda bu ulgamy netijeli ösdürmek we ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde degişli işler alnyp barylýar. Bu Kanun hemmeleri öz içine alýan durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede amala aşyrylmagy üçin hukuk esaslaryny kesgitleýär. ÝUNISEF-niň we BMG-niň beýleki edaralarynyň ýardamy esasynda durmuş ulgamynyň işgärleri goldawa mätäç maşgalalara derwaýys ähmiýete eýe bolan hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmek bilen, bu ulgamyň gerimini giňeltdiler. Olaryň işi Durnukly ösüş maksatlarynyň “hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesini şöhlelendirmek bilen, jemgyýetiň ähli agzalarynyň deňligini üpjün etmäge ýardam berýär. Türkmenistanda ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň ýola goýulmagy ilat üçin örän uly ähmiýete eýe boldy. Durmuş ulgamynyň işgärleri diňe bir wagtlaýyn goldaw-kömekleri bermek bilen çäklenmän, eýsem, durmuşyň oňyn we dowamly özgermegine hem ýol açýarlar. Olaryň alyp barýan işi saglygy goraýyş we bilim babatda adamlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, şahsy we elýeterli bolan kömekler arkaly olary durmuş taýdan goramaga gönükdirilendir.

Alnyp barylýan işleriň ýokary derejesini üpjün etmek üçin ugurdaş düzümiň hünärmenleri öz hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmelidirler. Bu ugurda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda yzygiderli synlary taýýarlamak, okuw maksatnamalaryny guramak arkaly öz ýardamyny berýär. Maşgalalara kömek etmek bilen, durmuş ulgamynyň işgärleri öz işlerinde ýaşululary hormatlamak we maşgalalara jogapkärli çemeleşmek, hoşniýetlilik, olaryň ýakynlaryna raýdaşlyk bildirmek ýaly milli gymmatlyklardan ugur alýarlar. Olar dürli ýaşdaky adamlaryň we ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek boýunça işlere ýaşulularydyr jemgyýetde hormatlanýan beýleki adamlary hem çekýärler. Häzirki zaman meseleleriniň çözülmeginde baý medeni mirasy, gadymy ruhy däpleri aýawly saklaýan durmuş ulgamynyň işgärleri ählumumy gymmatlyklaryň çalt depginde ösýän dünýämiziň zerurlyklaryna laýyklykda özgerýändigine güwä geçýär.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
17.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.04
Türkmenistan telekommunikasiýalar pudagynda dünýä tejribesini ornaşdyrýar
16.04
Adam baradaky alada — Bitarap Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugry
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
16.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
16.04
Ýaş nesliň saglygyny goramak we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek — ileri tutulýan wezipe
15.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýokary derejeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
top-arrow