Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä giňişligindäki nobatdaky ykrarnamasy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä giňişligindäki nobatdaky ykrarnamasy
Çap edildi 13.04.2025
2242

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara beslenýär. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan tutuş adamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Şunda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny guramak babatda degişli işleriň giňden ýaýbaňlandyrylandygyny bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 11-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Oňa laýyklykda, Baş Assambleýa tarapyndan halkara maslahaty şu ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
top-arrow