Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň birnäçesine seredildi we kabul edildi. Kabul edilen kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary milli parlamentiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen deslapky ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde işlenilip taýýarlanyldy.
“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenen taslamalaryň ilkinjisi boldy. Çykyş edenler kanun taslamasynyň “Türkmenistanyň Kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, halkara tejribäni göz öňünde tutup, milli kazyýet ulgamyny, kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanandygyny bellediler. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda kazyýet dolandyryşyny amala aşyrýan kazylaryň işiniň guramaçylyk-hukuk binýadyny, kazylary wezipä bellemegiň we ondan boşatmagyň tertibini, olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Kazyýet kanunçylygynyň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, giň düşünjeli, zerur hünär endiklerine eýe bolan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Şoňa görä, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny özgertmegiň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Sebäbi kazylaryň wezipe ygtyýarlyklaryny jogapkärçilikli ýerine ýetirmeginiň netijeliligi köp babatda işgärleriň hünär derejesine bagly bolup durýar.
Taslamada «Maşgala işleri boýunça kazylar» atly täze bölümi goşmak göz öňünde tutulýar. Maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwlet goragynyň üpjün edilmeginde adyl kazyýetligiň ähmiýetini ýokarlandyrmak, maşgala işleri boýunça adyl kazyýetligiň we kazyýet önümçiliginiň ýokary hünär ussatlygy şertlerinde amala aşyrylmagyny gazanmak, maşgalanyň jebisliginiň kepilliklerini berkitmek maksady bilen, kazyýetleriň kazylarynyň umumy sanynyň çäginde etrap we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde maşgala işleri boýunça kazynyň wezipesini, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň gurluş düzümine Maşgala işleri boýunça kazyýet kollegiýalaryny girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de taslamada maşgala işleri boýunça kazynyň wezipesiniň girizilmeginiň şertleri, kazynyň wezipeleri we ygtyýarlyklary, onuň bolmadyk ýagdaýynda, wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginiň tertibi, maşgala işleri boýunça kazy wezipesine dalaşgärlige bildirilýän talaplar, kazyýetleriň Prezidiumynyň döredilmeginiň tertibi, kazylaryň we kazyýet edaralarynyň işgärleriniň zähmet, durmuş goraglylygynyň kepillikleriniň ýokarlandyrylmagy, adyl kazyýetligiň nyşanlary, kazyýetleriň işiniň maliýeleşdirilmegi, kömekçi hojalygy üçin bölünip berlen ýerlerde hojalyk işleriniň amala aşyrylmagy netijesinde alnan girdejileriň bellenen tertipde peýdalanylmagy bilen bagly kadalary kesgitlemek göz öňünde tutulýar.
Soňra deputatlar “1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretdiler. Deňizde gämileriň we eýeçiligiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, 1966-njy ýylyň 5-nji aprelinde Londonda bu Konwensiýa kabul edildi. 1988-nji ýylyň 11-nji noýabrynda şol şäherde degişli Konwensiýanyň Teswirnamasyna gol çekilmegi bolsa bu maksada ýetmekde möhüm ädim boldy. Nygtalyşy ýaly, degişli Teswirnama gatnaşýan taraplar onda gozgalýan dürli meseleler boýunça çap edilen kanunlaryň, kararlaryň, buýruklaryň, düzgünleriň we beýleki resminamalaryň ýazmaça nusgalaryny Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretarynda saklanylmagy üçin ýollamaga hem-de tabşyrmaga borçlanýar.
“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň Mejlisiň deputatlarynyň öňünde ýyllyk maglumat bilen çykyş etmegi bellenilendir. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa çykyş edip, käbir maglumatlary deputatlaryň dykgatyna ýetirdi.
Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu ýubileý medaly ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlary; ylmy barlaglary; ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda ajaýyp döredijilik üstünlikleri; ösüp gelýän ýaş nesli türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde bitiren uly hyzmatlary; Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi. Kanuna goşmaçanyň girizilmegi bilen, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we gullukçylarynyň geýim lybaslarynda ady agzalan medalyň dakylyş düzgünleri tertipleşdirildi.
Soňra “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seredildi. Bu Kanun taslamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi, Arbitraž iş ýörediş kodeksi, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanuny, Jenaýat iş ýörediş kodeksi, Zähmet kodeksi, Maşgala kodeksi, Raýat iş ýörediş kodeksi, şeýle hem “Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp kämilleşdirildi. “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy maslahatlaşylanda, çykyş edenler onuň administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalaryň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini kesgitleýändigini, onuň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň, kanunyň hökmürowanlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini nygtadylar. Bu Kanunyň taslamasy ýüztutma seredilmezden ozal, ýüz tutýan şahsyň ony yzyna almagyny düzgünleşdirmek arkaly administratiw önümçiliginiň kadalaryny kämilleşdirýär, şeýle-de administratiw önümçiligi, kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taýýarlanylmagy we kabul edilmegi, zähmet gatnaşyklary, kazyýet ýerine ýetirijileriniň işi, administratiw hukuk bozulmalary, jenaýat, raýat, arbitraž iş ýörediş kanunçylygy bilen seretmek tertibi bellenilen ýüztutmalar bilen bagly bolmadyk ýüztutmalaryň kabul edilmegini, hasaba alynmagyny, seredilmegini hem-de saklanylmagyny guramak boýunça işleri ýöretmegiň düzgünlerini tassyklamagy göz öňünde tutýar.
Milli parlamentiň deputatlary awtomobil ulagynyň hereketiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk binýadyny — howpsuzlygyny, adamyň durmuşynyň, saglygynyň, daşky gurşawyň goraglylygyny, awtomobil ulagynyň hyzmatlaryndan peýdalanylanda ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny kesgitleýän “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretdiler. Taslama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi awtomobil ulagy ulgamynda döwlet gözegçiligini we dolandyryşyny amala aşyrýan edara hökmünde kesgitlenilýär.
Maslahatda “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Kanun Konstitusiýamyza, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanda migrasiýa çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna maglumat tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak, maglumat tehnologiýalarynyň howpsuz düzümlerini döretmek, sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmak milli maksatnamalarda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda maglumatlary hasaba almak, gaýtadan işlemek we saklamak üçin maglumat ulgamlary döredilýär hem-de olar yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, kanun taslamasynda daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga we Türkmenistandan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berýän Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan maglumatlar ulgamynda resmileşdirilýän elektron resminama — elektron wiza bermek bilen bagly kadalar goşulýar.
Nygtalyşy ýaly, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Esasy Kanunyna laýyklykda kämilleşdirilmegi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ugurdaş düzümleriň işlerini kämilleşdirmek üçin hukuk mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Maslahatda bulardan başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi. Deputatlar kabul edilen resminamalaryň Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň üstüni ýetirmek bilen, uzak möhletleýin geljekde Watanymyzyň ösüşi we abadançylygy üçin ygtybarly binýady üpjün etjekdigini hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda iri durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginde örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.
Maslahatyň ahyrynda deputatlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan we tabşyryklaryndan ugur alyp, kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini düşündirmek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barmak ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Şeýle-de olar ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisine berýän goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza we Milli Liderimize hoşallyklaryny beýan etdiler.