Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasat habarlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 07.04.2025
160

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň belent ynsanperwer däplerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu ajaýyp senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent kadalaryny dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde eziz Diýarymyzda bu baýram ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bütindünýä saglyk güni mynasybetli täsirli çäreleriň guralmagy, mekdep okuwçylarynyň, hünär bilimi edaralarynyň talyplarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda welosipedli ýörişleriň, sportuň görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatlardan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyza laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris. Şoňa görä-de, gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup ulanmaga berildi, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary gurup, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde uly ösüşleri gazandyk.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlary, hokkeý, tennis boýunça halkara ýaryşlar parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä äşgär etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda, Bitarap ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda we «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda, ýaş nesillerimizi çäksiz begendirdi. Elbetde, munuň özi bütin dünýäde parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbitlerine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli, Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netijeleridir.

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
07.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 835 müň dollaryndan gowrak boldy
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kambojanyň Patyşasyny gutlady
05.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitindäki ÇYKYŞY
04.04
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy
04.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumdaky ÇYKYŞY
04.04
Hormatly Prezidentimiz Samarkant halkara klimat forumyna gatnaşdy
top-arrow