Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumdaky ÇYKYŞY
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumdaky ÇYKYŞY
Çap edildi 04.04.2025
1621

Hormatly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti!

Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary!

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde hemişe aýratyn orny eýeleýär. Häzirki wagtda biziň esasy wezipämiz hyzmatdaşlygyň esasy we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden hem-de olary durmuşa geçirmek üçin üýtgewsiz şertleri döretmekden ybaratdyr. Umuman, biz howa gün tertibiniň meseleleri babatda Ýewropa Bileleşigini geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýarys. Esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna hem-de Pariž ylalaşygyna bilelikde ygrarlylygymyz şeýle hyzmatdaşlyga esas bolup durýar.

Şunda iň möhüm mesele kömürturşy gazyny we metan zyňyndylaryny azaltmakdyr. Soňky döwürde Türkmenistan bu ugurda köp işleri amala aşyrdy. 2023-nji ýylda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça topar döredildi. Şol ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygy resmi taýdan yglan edildi. Hökümet howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň “Ýol kartasyny” kabul etdi. Netijede, diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa meýilnamada bellenen derejeden ýokarydyr.

Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmek hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Bu başlangyçlar hemmelere mälim bolup, sebit we ählumumy häsiýete eýedir. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek maksatnamasyny taýýarlamagy görkezmek bolar. Olary durmuşa ornaşdyrmakda Ýewropa Bileleşiginiň goldawyna bil baglaýarys.

ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary energetika, senagat, ulag, ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş üpjünçiligi bilen bagly beýleki wajyp ugurlarynda «ýaşyl» geçişi öz içine alýar. Ýewropa Bileleşigini bu babatda bilelikde düýpli we uzak möhletleýin işlemäge çagyrýarys. «Ýaşyl» geçiş boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmegi teklip edip, ony sammitimiziň aýratyn iş ugry hökmünde görkezmegi hem-de ýakyn geljek üçin özara gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýarys.

Möhüm meseleler barada aýdanymyzda, suw meselesini aýratyn belläp geçmek isleýärin. Bu mesele biziň sebitimiz üçin derwaýys ähmiýete eýedir hem-de bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň tehnologik we usulyýet taýdan ýardam bermegi bar bolan kynçylyklary çözmekde oňyn täsir edip bilerdi. Suw syýasaty meselesinde Türkmenistanyň garaýşy mälimdir. Bu meseleleri çözmekde üç esasy ýörelgeden ugur almaly: olar halkara hukugy berjaý etmek; özara bähbitleri hasaba almak; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagydyr. Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ösüşi we hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usullaryny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça BMG-niň Sebit geňeşini döretmek baradaky başlangyja seretmegi teklip etdi.

Sebitde ekologik, durmuş-ykdysady we ynsanperwer abadançylygyň esasy meseleleriniň biri-de Araly halas etmekdir. Türkmenistan bu meseläniň halkara derejede has anyk we maksada gönükdirilip ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine ýardam bermek boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna bil baglaýar. Bu resminamalaryň doly durmuşa geçirilmegi üçin bilelikde tutanýerli işlemegi teklip edýäris.

Sözümiň ahyrynda sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe, myhmansöýerligi hem-de mähirli garşy alandyklary üçin doganlyk Özbegistanyň halkyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.

Soňky habarlar
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
18.03
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy
18.03
Gahryman Arkadagymyz «CNPC-niň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy
18.03
Geljege maýa goýumlar: strategik ösüşiň täze ugry
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär
17.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary başlandy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow