Şu gün Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Bu bolsa uzak möhletli gatnaşyklar üçin esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyz ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzüm bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Howanyň üýtgemegi, üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek, energetika, ylym-bilim, sebit howpsuzlygy, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary soňky ýyllarda maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikleri döredip, daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeldýärler. Munuň özi sebitiň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşyp, ählumumy ykdysadyýetiň möhüm bölegine öwrülmegine ýardam berýär.
Sebitara dialogyň işjeňleşdirilmegi, bilelikdäki taslamalaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy we taraplaryň özara gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlylygy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formaty sebitiň ösüşine, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berip, öz netijeliligini görkezdi. Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝB-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen şu gezekki sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmek, “ýaşyl” energetikany, “ýaşyl” ykdysadyýeti ilerletmek, ulag we sanly aragatnaşygy gowulandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — Kongres merkezine tarap ugrady. Merkeziň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Samarkant şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki ýokary derejeli birinji sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň ýolbaşçysy hanym Nadýa Kalwinýo, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso hem gatnaşdylar.
Däp bolan bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, belent mertebeli myhmanlar Kongres merkeziniň uly mejlisler zalyna bardylar. Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitiň mejlisi geçirildi. Prezident Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli duşuşygy açyp, mejlise gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mübärekledi we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammitini gadymy Samarkant şäherinde geçirmek barada Özbegistanyň başlangyjyny goldandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi. Şeýle-de özbek Lideri çykyşynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen nobatdaky duşuşygynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, açyk göwünliligi, myhmansöýerligi we işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejedäki şeýle duşuşykda ilkinji gezek gepleşikleri geçirýändigini belledi. Munuň özi özboluşly wakadyr. Biziň pikirimizçe, bu gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, ýakynlaşmaga we gatnaşyklaryň berk usullaryny döretmegiň zerurdygyna düşünýändigine şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ara alyp maslahatlaşmalaryň gatnaşyklary pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi hem-de anyk ylalaşyklary gazanmakda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan bilelikdäki işiň örän möhüm wezipeleriniň arasynda sebit parahatçylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny gazanmaga we saklamaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam bermeli diýip hasaplaýarys.
Garaýyşlaryň umumylygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýany parahat, ykdysady taýdan özüne çekiji, geosyýasy dawalara we gapma-garşylyklara goşulmaýan durnukly sebit hökmünde görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we halkara borçnamalaryna laýyklykda, şu maksatlara ýetmek üçin iş alyp barmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 21-nji martda 67 döwletiň awtordaşlygynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul edendigine ünsi çekip, bu resminamany goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmegiň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysadyýetde we maýa goýumlarda, energetika, ulag, söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berilýändigini, bularyň ileri tutulýan ugurlar hasaplanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýandygyny we bu ugurda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ugrunda çykyş edýändigini, elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwatyny artdyrýandygyny we ony Ýewropa ibermäge taýýardygyny belläp, elektrik ulgamlar çäklerinden geçýän döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu taslamanyň ýakyn wagtda özara bähbitlilik esasynda ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýel we Gün energiýasyny peýdalanmakda hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işlemäge taýýardygyny, wodorod energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine seretmek üçin hem açykdygyny aýtdy.
Ulag-kommunikasiýa pudaklary-da strategik ugurlardyr. Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar — Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek munuň esasy bölegi bolup durýar. Bu meselede Hazarüsti ugra uly orun berýäris. Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny, şeýle hem ýurdumyzdaky ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardygymyzy aýtmak isleýärin.
Kommunikasiýa ulgamynda-da Hazar deňziniň düýbünden kabelleri geçirmek zerurlygyndan we mümkinçiliginden ugur alýarys. Umuman, Türkmenistan Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagyny kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýär hem-de bähbitleri we peýdany deňhukukly hasaba almak esasynda Ýewraziýa sebitinde energetika, ykdysady, ulag durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti diýip hasaplaýar.
Umuman alnanda, sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň örän wagtynda ädilen ädim boljakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ýurdumyzyň Ýewropa bilen söwdany has-da giňeltmek üçin hem açykdygyny, maýadarlara doly amatly şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy we Ýewropanyň kompaniýalaryny türkmen bazarynda işlemäge çagyrdy. Şunda türkmen tarapy Ýewropa Bileleşigine harytlary iberijileri we alyjylary goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge hem ygrarlydygyna ünsi çekip, Ýewropa Bileleşiginiň köp ýyllardan bäri Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirýän bilim taslamalarynyň we maksatnamalarynyň netijelidigini minnetdarlyk bilen belledi. Şolaryň arasynda “TACIS-TEMPUS”, “ERASMUS-MUNDUS”, “DARYA” ýaly giň gerimli maksatnamalar bar. Hususan-da, Türkmenistanda “ERASMUS-MUNDUS” we “ERASMUS+” maksatnamalarynyň çäklerinde magistr maksatnamalary, bilim ulgamynda sanlylaşdyrmak, durnukly ösüşi we akademiki ykjamlygy goldamak boýunça 40-dan gowrak taslama amala aşyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu işi ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň talaplaryna, isleglerine jogap bermek bilen, hünärment bilimi babatda bilelikdäki taslamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Munuň özi ýokary tehnologiýaly kärhanalarda işleýän ýokary hünärli tehniki işgärleri taýýarlamak babatda örän möhümdir.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz taryh, arheologiýa, etnografiýa, medeni-taryhy mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmegi teklip edip, syýahatçylyk alyşmalarynyň, ekologiýa we etnografiýa syýahatçylygynyň belli bir maksatly bilelikdäki maksatnamalaryny taýýarlamagyň hem geljeginiň uludygyny nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny we bu oňyn hem-de ähmiýetli işe saldamly goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimize çuň many-mazmunly çykyşy, beýan eden anyk teklipleri hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baradaky oňyn garaýyşlary üçin hoşallyk bildirdi.
Sammite gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagyň we ony anyk maksatlara gönükdirmegiň, özara gatnaşyklaryň täze gurallaryny işläp taýýarlamagyň, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, “ýaşyl” energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak, innowasiýalary, sanly çözgütleri goldamak boýunça anyk ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň nobatdaky beýany boldy. Şeýlelikde, bu ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda we bu ugurda bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe bolar.