Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministrini kabul etdi
Çap edildi 02.04.2025
744

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi.

Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň iberen salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Emir Turki bin Mohammed Al Saudyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Patyşa maşgalasynyň agzalaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklar açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryndadyr. Döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli iş alyp barmak üçin hemişe açyk bolup, häzirki wagtda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalar netijeli gatnaşyklary giňeltmäge amatly şertleri döredýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Saud Arabystany Patyşalygy tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurtlardyr. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de olary dünýä bazarlaryna ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud birek-birege berk jan saglyk we abadançylyk, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
20.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
19.08
Jemgyýetçilik ösüşinde milli ýörelgeleriň orny pugtalandyrylýar
19.08
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
18.08
Hususy pudagyň forumynyň netijeleri: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
18.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 38 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
2025-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Çagalaryň saglygyny goramak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
15.08
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaşlarynyň tagallalaryny birleşdirýär
top-arrow