Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 02.04.2025
721

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani mähirli salamlaşyp, birek-biregi mübärek Oraza baýramy bilen gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň salamyny we rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä iň gowy arzuwlaryny beýan edip, onuň bilen ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Şeýh Joaan bin Hamad Al Taniniň ýurdumyza şu saparynyň Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň arasynda sport ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygyna, şeýle hem Olimpiýa hereketine işjeň gatnaşyp, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribä eýedir. 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr. Bu giň möçberli çäre ýurdumyzda sporty ösdürmäge, Aziýa sebitinde sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga itergi berdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu möhüm ulgamda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwrebap sport infrastrukturasyny döretmek, türgenler üçin amatly şertleri üpjün etmek, halkara ýaryşlary geçirmek ýurdumyzyň sport syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Diýarymyzda birnäçe sport federasiýalary hereket edip, sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek üçin zerur tagallalar edilýär.

Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmakda we Olimpiýa hereketiniň ösüşine goşant goşmakda möhüm ädim boljakdygyny belläp, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidentiniň ýurdumyza şu saparynyň sport ulgamyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Kataryň sporty ösdürmekde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, ýurdumyzyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, katar tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy we bu ugurda ýurdumyzyň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanä minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
20.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
19.08
Jemgyýetçilik ösüşinde milli ýörelgeleriň orny pugtalandyrylýar
19.08
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
18.08
Hususy pudagyň forumynyň netijeleri: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
18.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 38 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
2025-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Çagalaryň saglygyny goramak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
15.08
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaşlarynyň tagallalaryny birleşdirýär
top-arrow