Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy we halkara çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ir bilen Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Balkan welaýatyna iş saparyna ugrady. Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy. Soňra hormatly Arkadagymyz bu ýerden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.
Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dünýä derejeli dynç alyş we şypahana toplumy emele geldi. Gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan syýahatçylyk zolagynda dynç alşa, şypahana ulgamyna degişli döwrebap düzümleriň uly toplumy halkymyza hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürleýär.
Milli Liderimiz “Awaza” sport toplumyna gelip, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçe ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde ýerine ýetirýän işleri baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.
Ähli ugurlarda alnyp barylýan işleriň takyk düzülen meýilnama esasynda ýerine ýetirilmelidigini we olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz her bir ýolbaşçynyň gözegçilik edýän düzümlerinde amala aşyrylýan taslamalaryň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň kenarynda halkara derejeli giň möçberli maslahatlaryň geçiriljekdigini nazara alyp, degişli tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ýol-ulag düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna Hazaryň kenaryny mundan beýläk-de ösdürmek we bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary hödürlenildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde deňziň kenaryndaky ajaýyp künjekde halkara çäreleri geçirmek boýunça meýilleşdirilýän binalar toplumynyň ýerleşjek ýerleriniň teklip edilýän meýilnamasy, toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, onuň girelgesi, binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň görnüşleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, toplumda halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Toplumyň binalarynyň gurluşy, olaryň bezeg aýratynlyklary, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belläp, Milli Liderimiz Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýurdumyzda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň özboluşly dowamyna öwrüljek halkara forumyň ähli ugurlar boýunça guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem öňde boljak halkara çärä görülýän taýýarlyk işleri Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine doly laýyk gelmelidir, binalaryň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna we forumyň ýokary derejede geçirilmegine dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onda halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, foruma gatnaşjak ýurtlaryň wekiliýetleri bilen duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz bu çärä daşary ýurtlardan geljek toparlaryň wekilçilikli düzüminiň onuň ähmiýetini we dünýä döwletleri üçin wajypdygyny görkezjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşjak wekiliýetleriň halkymyzyň myhmansöýerlik däbi esasynda garşylanylmagy zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde çäräniň halkara giňişlikde möhüm orna mynasyp bolmagyna degişli ähli meseleler göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle-de forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berildi. Gahryman Arkadagymyz halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer çärelere möhüm ornuň degişlidigini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäklerinde guraljak medeni çäreleriň täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini aýtdy.
Maslahatda halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Milli Liderimiz ýaşlaryň ýurdumyzda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşmagynyň olaryň bilim derejesini artdyrmagynda we tejribe toplamagynda ähmiýetli çözgütdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olaryň hünär eýeleri bolup ýetişmekleri bilen bagly meselelere zerur üns berilmelidir.
Iş maslahaty halkara çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlygyň, foruma gatnaşyjylaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine degişli hemme çäreleriň ýokary derejede amala aşyryljakdygy baradaky hasabat bilen dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini nazara alyp, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk meselelerine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda bu işlerde hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigine aýratyn ähmiýet bermek tabşyryldy.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde gurluşyklary alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy. Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň kenarynda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi hem-de ähli işleri degişli derejede alyp barmagy tabşyrdy. Şunda halkara foruma gatnaşýan myhmanlaryň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün ediljekdigi aýdyldy. Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny nazara alyp, halkara çäreleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz forumyň ähli tapgyrlaryndaky işleriň guramaçylykly alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de forumyň çäklerinde söwda we hyzmatlar bilen bagly işleri ýokary derejede guramak boýunça meýilleşdirilen çäreler barada aýdyldy. Milli Liderimiz dünýä ähmiýetli meseleleri öz içine aljak forumyň çäklerinde guraljak ähli çäreler boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. Forumyň geçiriljek günlerinde myhmanlara ulag we aragatnaşyk ugurlary boýunça hödürleniljek hyzmatlaryň sanawy barada-da aýdyldy. Şu babatda Gahryman Arkadagymyz oňa gatnaşjak media düzümleriniň ähli zerur şertler bilen üpjün edilmelidigini belledi.
Mundan başga-da, iş maslahatynyň dowamynda halkara forumyň geçiriljek günlerinde tertip-düzgüniň berjaý edilmegi, myhmanlary resmi taýdan hasaba almak, ýol-ulag düzümine degişli işleriň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Milli Liderimiz hemişe bolşy ýaly, bu ýokary derejeli çäräniň guraljak günlerinde-de tertip-düzgüniň berjaý edilmegi, onuň guramaçylygyna degişli ähli işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy we myhmanlary resmi taýdan hasaba almak çäreleriniň degişli derejede amala aşyrylmagy ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm orny eýeleýän ulag-kommunikasiýa pudagynyň işiniň kämilleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şunda üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmek meselelerini esasy ugur edinýän forumyň hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirilmegi wajypdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden sport awtoulagynda Garabogazköl aýlagyna tarap ugrady.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň işini halkara derejä çykarmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Yklymlaryň möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsine wajyp orun degişlidir.
Milli Liderimiziň awtoulagy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda iki gatnawly awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde saklandy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň germewleriniň we halkara ähmiýetli desganyň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşlerini öz içine alýan şekil taslamalary görkezildi. Ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjek köpriniň gurluşyk işleri we taýýarlanylan şekil taslamalary barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen bu desganyň halkara ähmiýete eýedigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagynda, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde amatly şertleri üpjün eder. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde awtomobil ýollaryny gurmak we ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy bolsa yklymara ýükleri daşamak we ýolagçy gatnatmak işiniň kämilleşdirilmegine, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini has netijeli özleşdirmäge giň ýol açýar.
Gahryman Arkadagymyz Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, bu künjegiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmakda ähmiýeti bolan bu desganyň gurluşygynyň bellenilen möhletde tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde gurluşyk serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz täze desganyň kuwwatyna wajyp ähmiýet berilmelidigini aýratyn nygtady. Köpri berkligi we uzak möhletleýinligi babatda agyr ýükli awtoulaglary geçirmäge ukyply bolmalydyr. Munuň üçin bolsa gurluşykda ulanylýan serişdeleriň, olaryň hiliniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi möhümdir. Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň ulag-logistika pudagynyň işini ösdürmäge gönükdirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden dikuçarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.
Ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Hazaryň kenarynda amala aşyrylýan işler hem halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilýär. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň durmuş ugurly syýasatda öz beýanyny tapýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.