Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 31.03.2025
1301

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de Oraza aýynyň sahawatly günlerinde tutulan orazalaryň, edilen ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda başlangyçly çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belläp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň iberen mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Premýer-ministr türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmana Gahryman Arkadagymyzyň salamyny hem-de Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we öz adyndan dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Energetika pudagy türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif bu transmilli taslamalaryň möhüm ähmiýetini hem-de Pakistanyň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle-de ol 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gutlap, munuň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady hem-de Pakistanyň bu waka mynasybetli geçiriljek halkara çärelere işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Muhammad Şahbaz Şarif türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge we bu ugurda tagallalary doly goldamaga taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Pakistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Soňky habarlar
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
18.03
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy
18.03
Gahryman Arkadagymyz «CNPC-niň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy
18.03
Geljege maýa goýumlar: strategik ösüşiň täze ugry
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär
17.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary başlandy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow