Bismillähir-rahmanir-rahim!
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dindarlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan içeri we daşary syýasatyňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Hormatly Prezidentimiz!
Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda maddy we ruhy gymmatlyklary, dostluk, parahatlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik baradaky tämiz hem-de aýdyň ýörelgeleri, ynanç-adatlary, däp-dessurlary döredip, kämil derejä ýetiren iň gadymy halklaryň biridir. Siziň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ähli halkyna iberen Gutlagyňyzda nygtaýşyňyz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gymmatly genji-hazynanyň gadyr-gymmaty has-da ýokary derejä çykyp, adamzady doganlaşdyrýar, geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýär, jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, nesillerde milli buýsanjy pugtalandyrýar.
Oraza baýramynyň mazmunynda we dessurlarynda hem merdana pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip gelýän nusgalyk durmuş tejribesi, milli ýörelgeleri jemlenendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly taglymatlaryny ýörelge edinip, beýik işleri amala aşyrýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň daşyňyza mäkäm jebisleşen halkymyz beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi hökmünde Oraza aýyna hem-de Gadyr gijesine, yslam dininiň ynsanperwer taglymlaryna, ynanç-ygtykatlaryna, ybadatdyr ahlak gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýar.
Hormatly Arkadagly hajy Serdarymyz!
Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen mukaddes gymmatlyklarymyza eýerilip, sahawatly Oraza aýynda dini adatlar berjaý edildi, agzaçar sadakalary berlip, tarawa namazlarynda il-ýurdumyzyň asudalygy, Watanymyzyň abadançylygy, rowaçlygy üçin aýat-töwirler okaldy. Bu keremli aýda Beýik Allatagalanyň iň söýgüli ýerleri hasaplanýan metjitlerde jemagat bolup ybadatlar berjaý edildi. Siziň eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň dabaralanmagy, eziz Watanymyzyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy üçin doga-dilegler edildi. Siziň Permanyňyz bilen, iş kesilenleriň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçilip, jemgyýetimiziň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligi has-da pugtalandyryldy. Siziň nygtaýşyňyz ýaly, munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam etdirilýän belent ynsanperwerligimizdir we milli ýörelgelerimizdir, barha pugtalandyrylýan agzybirligimizdir, Zemine dolýan bagtyýarlygymyzdyr, rowaçlygymyzdyr.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siz parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, dünýä halklaryny has-da jebisleşdirmek ugrunda tagalla edýärsiňiz. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edilip, Siziň ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryňyz Ýer ýüzüne giňden dabaralandyryldy. Oraza aýyna gabat gelen bu möhüm waka ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda, Gahryman hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Size bolan buýsanjy has-da artdyrdy.
Belent mertebeli Gahryman hajy Serdarymyz!
Sizi ýurdumyzyň ähli dindarlarynyň adyndan mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, at-abraýy dünýä dolsun! Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlar, berlen agzaçar sadakalary, ýurt abadançylygy, mähriban halkymyzyň hem-de külli adamzadyň bagtyýar durmuşy üçin okalan doga-dilegler Gudraty Güýçli Allatagalanyň keremli dergähinde kabul bolsun!
Hormatly Arkadagly hajy Serdarymyz, Sizi Gudraty Güýçli Allatagala öz penasynda aman saklap, janyňyzy sag, başyňyzy dik, ýurdumyzy abat, mertebäňizi belent, ömrüňizi uzak etsin! Sizi görner-görünmez howp-hatarlardan gorap, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriňizi hemişe rowaç eýlesin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň dindarlarynyň adyndan
Türkmenistanyň müftüsi Ý.HOJAGULYÝEW.