Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasat habarlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 30.03.2025
321

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň belent ruhy gymmatlyklaryny — ynsanperwerligi we haýyr-sahawaty, päk ýürekliligi, ahlak tämizligini dabaralandyrýan Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Oraza baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň agzybirligimizi hem-de jebisligimizi has-da pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.

Mukaddes Oraza baýramy ynsanperwerligi we hoşniýetliligi ündeýän, döwürleriň we halklaryň arabaglanyşygyny, ruhy sagdynlygyny üpjün edip gelýän dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biridir. Bu ajaýyp baýramyň gadymy köklerinde we ýörelgelerinde, many-mazmunynda ynsanyýetiň medeni-ruhy ösüşine ummasyz goşant goşan türkmen halkynyň ynanç-adatlary, däp-dessurlary hem-de köpöwüşginli medeni gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Adamzadyň belent parahatçylyk we ynanyşmak däplerini dabaralandyrýan, dostlugy, özara düşünişmegi berkidýän baýram hökmünde hem Oraza baýramynyň gymmaty barha ýokarlanýar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşymyzyň şöhratly wakalara baý Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzy belent sepgitlere ýetmäge galkyndyrmakda, aýratyn-da, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, halallygyň, päkligiň, dogruçyllygyň, ruhy tämizligiň, ahlak arassalygynyň hem-de milli buýsanjyň esasynda terbiýelemekde Oraza baýramynyň örän uly ähmiýeti bardyr.

Gözbaşyny uzak taryhy geçmişden alyp gaýdýan bu baýramyň şanyna kalbymyzyň aýdymy, dillerimiziň senasy bolan eziz Watanymyzyň ähli şäherdir obalarynda toýlarymyzy uludan tutup, müňýyllyklara uzaýan mukaddesliklerimiziň, hoşniýetlilige ýugrulan milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň döwrebap ösdürilmegini üpjün edýäris. Bu bolsa ýurdumyza, merdana halkymyza, häzirki beýik döwrümize bolan söýgimizdir. Dünýä medeniýetiniň möhüm düzüm bölegine öwrülen ruhy-ahlak ýörelgelerimize, ynanç-ygtykatlarymyza, durmuş tejribesi esasynda kemala gelen, adamkärçiligi we päkligi dabaralandyrýan däp-dessurlarymyza goýýan sarpamyzdyr.

Eziz watandaşlar!

Medeni we ruhy gymmatlyklar parahatçylygyň hem-de dostlugyň binýadydyr, biziň älem-jahana ýaýylýan ýürek owazymyzdyr. Adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan halkymyzyň maddy hem-de medeni mirasy, eziz Watanymyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bu gün halklary jebisleşdirýär, dostlukly gatnaşyklary üpjün edýär we dünýädäki at-abraýymyzy has-da beýgeldýär. Muhammet Gaýmaz Türkmen, Mahmyt Zamahşary, Hoja Ahmet Ýasawy, Jelaleddin Rumy, Nejmeddin Kubra, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly meşhur akyldarlarymyzyň mukaddes Watana, ata-enä, keremli topraga, ynsana hormat goýmak, päklik, dogruçyllyk, ynsanperwerlik hakyndaky milli pelsepä ýugrulan öwüt-ündewleri, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, biziň döwrümize gelip ýeten ýörelgelerimiz adamzadyň ruhy genji-hazynasynda orun alan gymmatlyklardyr, belent ynsanperwerligiň mizemez mekdebidir.

Biz kalbyny we bedenini tämiz saklan, ýüregi hem-de bütin durky bilen halallyga, päklige, dogruçyllyga, tagat-ybadata uýan ata-babalarymyzyň baý durmuş mekdebine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň we asudalygyň gadyryny bilmegi, ähli gymmatlyklarymyzyň seresi bolan Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy berkitmegi hem-de watansöýüjiligi ündeýän taglymatlaryna eýerip, gurmaga we döretmäge bolan yhlasymyz, gaýratly zähmetimiz bilen agzybirlikde ösüşli ýollary geçýäris, beýik geljegimize, täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýarys, milli döwletlilik ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýäris.

Strategik taýdan esaslandyrylan giň gerimli özgertmelerimiz, ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlary boýunça gazanýan ösüşlerimiz, ägirt uly öňegidişliklerimiz Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatyny artdyrýar. Ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrýar, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar. Biziň yhlasly zähmetimiz hem-de tagallalarymyz netijesinde eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp öser, dünýä bileleşigi bilen dostluk we agzybirlik ýollaryny gurýan, parahatçylygy goldaýan ýurt hökmünde Bitarap Watanymyzyň abraýy Ýer ýüzünde has-da belende galar.

Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edilen tagat-ybadatlar, okalan tarawa namazlary, berlen agzaçar sadakalary, Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da belende galmagynyň hatyrasyna edilen alkyş-dilegler Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
31.03
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
31.03
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
31.03
Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary ilerledýär
31.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
31.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 127 müň dollaryndan gowrak boldy
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
30.03
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.03
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
30.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow