Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi
Çap edildi 27.03.2025
2124

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekili özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle hem myhman Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasy mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşjakdygyny aýtdy we bu duşuşygyň netijeleriniň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik ulgamdaky gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli alnyp barylýar. Şunda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň mümkinçilikleri göz öňünde tutulanda, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň sebit üçin möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň geçiriljekdigini belläp, onuň iki sebitiň arasyndaky köpugurly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
06.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
06.09
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
top-arrow