Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Çap edildi 21.03.2025
2556

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýaz paslynyň al-elwan güllerine beslenip gelen Nowruz baýramynda ýaňlanjak aýdym-sazlaryň, folklor çykyşlarynyň we milli gymmatlyklaryň sergileriniň Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, raýatlaryň kalbynda milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza söýgi döretmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Biz ýurdumyzda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdik. Şu ýylda Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçýär. Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä halklarynyň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara ynanyşmagyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň taryhy ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar parahatçylygy, ynanyşmagy, jebisligi, ynsanperwerligi giňden wagyz etmäge, ýaş nesilleriň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge, watansöýüjilige, dost-doganlyga, zähmetsöýerlige, halallyga söýgi döretmäge ýardam berýär.

Eziz watandaşlar!

Taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň durmuşyna we medeniýetine mäkäm ornaşypdyr. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar her bir halkyň milli aýratynlyklaryny görkezmek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär. Tebigatda täzelenişiň, gülleýşiň baýramy bolan Nowruz ynsan kalbyna tämiz duýgulary eçilýär, gözellige, abadançylyga söýgi döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramynyň däp-dessurlary parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrmakda örän ähmiýetlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bize serpaý eden, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitaplarynda halkymyzyň köpasyrlyk döwletlilik ýoly, milli ýörelgeleri, yrym-ynançlary barada gymmatly pikirler öňe sürülýär. Hormatly Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda bagtyň hem döwletliligiň suratlary we pursatlary hökmünde türkmen topragynyň gözellikleri, milli gymmatlyklarymyz, tebigatyň bahar möwsümi, bereketli hasyl mysal getirilýär. Nowruz baýramynda berjaý edilýän ekerançylyk hem-de daýhançylyk bilen bagly däp-dessurlarda bu ruhy we maddy gymmatlyklaryň görkezilmegi Milli Liderimiziň kitaplaryndaky gymmatly maglumatlaryň halkyň şöhratly taryhy, baý mirasy bilen berk baglydygyna, terbiýeçilik taýdan örän ähmiýetlidigine doly güwä geçýär.

Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli ýol-ýörelgelerimizde Nowruzyň aýratyn orny bardyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň, ekerançylygyň, bagbançylygyň, daýhançylyk däpleriniň we el hünärleriniň ösen topragydyr. Ýaz paslynyň gelmegi bilen, babadaýhanlarymyz ýere tohum sepip, geljekki bol hasylyň düýbüni tutýarlar. Çopan-çoluklar uzak ýaýladaky sonarly sährada dowar sürülerini bakyp, bahar paslynyň ajaýyp günlerinde maldarçylyk bilen bagly işleri alyp barýarlar.

Hormatly adamlar!

Halkymyzda «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýlişi ýaly, ata-babalarymyz ýylyň rysgal-berekede beslenip gelmegini alabaharda ýagyş-ýagmyryň bol ýagmagy bilen kesgitläpdirler. Bu ýylda keremli topragymyza ygalyň köp ýagmagy netijesinde meýdanlarymyz al-elwan güllere, gök dona bürenip, ýaşyl ýaýlalarymyz lälezar keşbe eýe boldy. Sahawatly sähralarymyz, boz meýdanlarymyz, dag-düzlerimiz türkmen ýazynyň gaýtalanmajak gözelliklerine beslendi. Bularyň ählisi Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde bagtyýar watandaşlarymyzyň göwünlerine ganat bekledýär. Nowruz nagmalarynyň ýaňlanýan günlerinde bagşy-sazandalarymyz şirin aýdym-sazlary, döredijilik toparlarymyz tanslarydyr joşgunly çykyşlary, şahyrlarymyz döwrebap goşgulary bilen Milli bahar baýramynyň şatlyk-şowhunyny artdyrýarlar.

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Sizi Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş arzuw edýärin. Goý, Nowruzyň ylham serpaýly owazlary joşgunly göwünlere bagtyýarlyk nagmalary bolup dolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow