Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatdaky çykyşy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatdaky çykyşy
Çap edildi 19.03.2025
83

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Size şu foruma gatnaşýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de forumyň işine üstünlik arzuw edýärin. Şu ýere daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň we iri kompaniýalaryň wekilleri ýygnandy. Bu biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär.

Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir. Biz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýarys. Islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalary diňe durnuklylyk hem-de birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biler.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Şoňa görä-de, esasy halkara institutlaryň we maliýe edaralarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär.

Türkmenistan adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini, bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýär. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler. Agzalan sebitlerde häzir durmuşa geçirilýän energetika, ulag hem-de üpjünçilik taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Bu taslamalar täze energetika, ulag, senagat, tehnologik geçelgeleri döretmek arkaly Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi örän möhüm taslamalaryň biridir. Bu taslamanyň maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekdir. Häzir biz bu taslamanyň işleriniň bellenen maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Bu gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän, uzynlygy 214 kilometr bolan bölegi guruldy. Geçen ýylyň sentýabrynda bolsa onuň 153 kilometrlik Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda onuň gurluşygy Owganystanyň çäklerinde dowam etdirilýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy barada aýtmak bilen, onuň ýokary ýaşaýyş-durmuş ähmiýetini aýratyn bellemek isleýärin. Hünärmenleriň baha bermegine görä, gaz geçirijiniň we degişli üpjünçilik ulgamlarynyň, täze edara-kärhanalaryň gurulmagy Owganystanda 12 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer. Bu ýurtda ençeme möhüm ynsanperwer soraglary çözmäge ýardam eder. Taslamanyň amala aşyrylmagy köp sanly ýuridik, täjirçilik, maliýe meselelerini çözmek bilen baglydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde nebitgaz ulgamynda işler halkara tejribede emele gelen kadalara we standartlara laýyklykda alnyp barylmalydyr.

Şu maslahatyň energetika kompaniýalarynyň, konsalting firmalarynyň we banklaryň ýolbaşçylaryna, hünärmenlerine hem-de bilermenlerine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde bilelikde işlemek barada pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Merkezi Aziýa döwletleri indi ençeme ýyllardan bäri elektrik energiýasyny ibermekde serhetdeş sebitler bilen netijeli işleri alyp barýarlar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen, biziň ýurtlarymyz häzirki zaman elektroenergetika desgalaryny gurmak barada hem teklipleri öňe sürýärler. Bu Merkezi Aziýa ýurtlaryndan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermäge mümkinçilik berer. Şolaryň hatarynda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan elektrik energiýasyny öndürýän esasy ýurtlaryň biridir. Ol köp ýyllardan bäri elektrik energiýasyny goňşy ýurtlara — Eýrana, Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana iberýär.

Biziň ýurdumyz öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň üstünde hem netijeli işleýär. Häzirki wagtda elektrik energiýasy eýýäm Owganystanyň Hyrat şäherine iberilýär.

Bu ulgamy goňşy ýurduň üstünden Pakistana çenli dowam etdirmek üçin tehniki resminamalaryň üstünde işlenilýär. Oňa ugurdaşlykda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy-da çekilýär. Häzirki döwürde Merkezi we Günorta Aziýanyň ulag babatda özara arabaglanyşygy hem-de şunuň bilen bagly ösüş taslamalary Ýewraziýa yklymynyň ykdysady strategiýalarynyň möhüm bölegidir.

Şoňa görä-de, Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirýän üstaşyr ulag geçelgelerini netijeli ulanmagyň, täzelerini döretmegiň zerurdygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu bolsa Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýolagçylary gatnatmagy, ýükleri daşamagy doly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu gatnawlaryň möçberlerini artdyrmak üçin demir we awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň taslamalary amala aşyrylýar. Howa, deňiz ýollarynyň, gury portlaryň döwrebap üpjünçilik ulgamlary döredilýär. Logistikany sazlaşykly we utgaşykly alyp barmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistandan Owganystana, ondan aňryk Pakistanyň portlaryna barýan demir ýoluň gurluşygy muňa mysal bolup biler. Häzirki döwürde türkmen hünärmenleri tarapyndan gurlan, uzynlygy 115 kilometr bolan Kerki (Türkmenistan) — Andhoý (Owganystan) demir ýoly netijeli işleýär. Şeýle hem türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine çenli uzynlygy 165 kilometr bolan demir ýoluň gurluşygynyň soraglaryna seredilýär. Bu işde taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan taraplaryň halkara maliýe institutlary, maýa goýum gaznalary, bank edaralary we degişli guramalar bilen hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidir. Biziň öňden gelýän we ygtybarly maliýe hyzmatdaşlarymyz bolan Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Katardan, beýleki dostlukly ýurtlardan ösüş gaznalarynyň hem-de banklarynyň Merkezi we Günorta Aziýa bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen işini dowam etdirjekdigine ynanýaryn.

Bu maslahat maliýe ulgamynyň wekillerine degişli teklipleri beýan etmek üçin gowy mümkinçilik berer.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biziň Aziýadaky umumy maksatlarymyz diňe bir anyk taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmeýär. Ol maksatlar has giň gerimlidir. Dünýäniň bu böleginde durnukly parahatçylyk we howpsuzlyk binýadyny döretmek, giň hyzmatdaşlyk üçin ynanyşmak hem-de amatly ýagdaýy emele getirmek zerurdyr. Munuň üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmaly, dünýä derejeli energetika, ulag we kommunikasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegi uly merkezleriniň birini döretmeli. Türkmenistan şu maksatlary amala aşyrmaga iri halkara işewürleriň gatnaşmagyna bil baglaýar. Biziň ýurdumyz Bitaraplyk syýasatyny, «Açyk gapylar» ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Şu maslahatyň bu meýilnamalary üstünlikli amal etmekde möhüm ädim boljakdygyna ynanýarys.

Maslahata gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw edýärin.

(Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 19-njy marty)

Soňky habarlar
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
19.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
19.03
Bitarap Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär
19.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatdaky çykyşy
19.03
Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
19.03
Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
19.03
Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşdy
19.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
19.03
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
top-arrow