Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 19.03.2025
83

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda açyklyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň berkararlygy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Täze taryhy döwürde Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgäňiz giňden dabaralanýar. Agzybir halkymyz Siziň daşyňyza jem bolup, hyjuwly zähmeti we gujur-gaýraty bilen ýurdumyzy ösdürmegiň bähbidine hyzmat edýär. Siziň: «Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleriňiz tutuş türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan şu gününe we geljegine bolan ynamyny artdyrdy. Siz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça beýik maksatlary öňde goýýarsyňyz. Öz çykyşlaryňyzda bu belent maksatlara ýetmekde watandaşlarymyza ynanýandygyňyzy yzygiderli bellemek bilen, halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýarsyňyz.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň binýady bolan uzak we gysga möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň hatarynda «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etmegiňiz ata Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Siziň baştutanlygyňyzda Diýarymyzda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýady berkden tutulýar.

Türkmenistan dünýäniň ýokary depginde ösüş gazanýan ýurtlarynyň hataryna ynamly goşulyşýar. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýetiň her ýylda yzygiderli ösmegi, jemi içerki önümiň barha artmagy raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugrunyň halkyň ýaşaýyş derejesini hil taýdan özgertmäge gönükdirilendigini aýdyň görkezýär. Gazanylýan bu üstünlikleriň netijesinde raýatlarymyz eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyz soňky ýyllarda birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň möhüm guraly hökmünde Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli ilerledýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy baýram edilýär. Halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmek babatda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň şanly wakalaryna beslenen şöhratly ýoly alamatlandyrýar. Siz: «Halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellän sepgitlerimize, maksatlarymyza ýetjekdigimize berk ynanýaryn» diýip belleýärsiňiz. Bu gün halkymyz Siziň alyp barýan döwlet syýasatyňyzy we maksatnamalaýyn işleriňizi ýürekden goldaýandygyny, Siziň töweregiňize mäkäm jebisleşendigini bütin dünýä äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişen günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
19.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
19.03
Bitarap Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär
19.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatdaky çykyşy
19.03
Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
19.03
Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
19.03
Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşdy
19.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
19.03
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
top-arrow