Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 19.03.2025
77

Şu gün  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda soňky ýyllaryň dowamynda däp bolan,  ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.   

Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly goňşy döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp, birek-biregi ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Nowruz baýramynyň gadymy döwürden bäri tebigatyň janlanmagyny hem-de adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň jebisleşmegini alamatlandyrýandygyny belledi. Bu nurana baýramda dürli halklaryň däp-dessurlary özara utgaşýar hem-de olaryň parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan edýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu baýram aýratyn many-mazmuna eýe bolýar, onuň binýadynda goýlan ynsanperwerlik taglymlary we gymmatlyklary dünýäniň ähli künjeklerinde uly gyzyklanma döredýär. 

-Biz Nowruz baýramyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen we özbek halklarynyň ata-babalarynyň parasatly wesýetlerine laýyklykda, has-da jebisleşmek bilen geljekde hem egin-egne berip, dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýoly bilen öňe gitjekdiklerini berk ynam bilen belleýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. 

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyklyk, ynanyşmak we oňyn ýörelgelere esaslanýan syýasy dialog şeýle hyzmatdaşlygyň baş şertidir.  Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň we Liderleriniň duşuşyklary türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. 

Döwletara hyzmatdaşlygymyz  diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däl-de,  Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikde işjeň gatnaşýan hem-de umumy maksatlary öňe sürýän köptaraplaýyn formatlarynyň çäklerinde hem oňyn syýasy netijelerini berýär.  

-Biz şu ýyl Özbegistanda  “Merkezi Aziýa--Ýewropa Bileleşigi” hem-de “Merkezi Aziýa—Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitleriniň, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegini doly goldaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu halkara çärelere taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek ugrunda bilelikde netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi. 

Gahryman Arkadagymyz 4-nji aprelde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň Samarkantda geçiriljek duşuşygy baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, özüniň “Euronews” telekompaniýasynyň habarçysy bilen ýakynda geçirilen söhbetdeşliginde şunuň ýaly ýokary derejeli ilkinji Sammitiň sebitimiziň Ýewropa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini belländigini ýatlatdy. 

Şunuň bilen baglylykda,  forumyň gün tertibi, onuň maksatnamasyny hem-de   ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilmegi meýilleşdirilýän resminamalary taýýarlamak boýunça bilelikde işlemäge taýýarlyk beýan edildi. Häzirki wagtda biziň diplomatlarymyz hem-de hünärmenlerimiz Birinji  “Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa” Sammitiň netijeleri boýunça Bilelikdäki jarnamanyň hem-de “Meýiller hakynda Jarnama. Aýratyn möhüm çig mal ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak”  resminamasynyň ýazgylaryny taýýarlamak işlerini tamamlap barýarlar. 

Türkmen tarapynyň “Merkezi Aziýa ählumumy wehimler bilen ýüzbe-ýüz: umumy abadançylygyň bähbidine raýdaşlyk”  atly halkara maslahatynyň işine hem işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýändigi bellenildi. Bu maslahat 4-5-nji aprelde geçiriljek Sammtiň çäklerinde guralar. Şeýle hem biziň bilermenlerimiz we degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary “Merkezi Aziýanyň “ýaşyl” ösüş Konsepsiýasynyň” taslamasyny taýýarlaýarlar. 

-Görnüşi ýaly, garaljak meseleleriň gerimi örän giň hem-de olaryň hemmesi möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, 27-nji martda Aşgabatda geçiriljek “ÝB-Merkezi Aziýa”  formatynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň barşynda bu meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak hem-de döwlet Baştutanlary üçin gutarnykly çözgütleri taýýarlamak  dogry bolar diýip hasaplaýaryn diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda belledi.       

-Eger-de, Sammiti geçirýän ýurt hökmünde Özbegistanyň daşary syýasat edarasy Prezidentleriň duşuşyklary bilen baglanyşykly ähli meseleleri ylalaşmak boýunça işleri öz üstüne alsa hem-de biziň sebitimiziň daşary işler ministrlikleri bilen degişli işleri geçirse, munuň özi  Sammiti üstünlikli we netijeli geçirmegiň kepili bolar. Biz bu meselede özbek doganlarymyza hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara  hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly halkara maslahaty halkara işjeňligi bilen baglanyşykly gozgalan ýene-de bir mesele boldy. 

Maslahatyň barşynda çagalaryň saglygyny goramaga, olara inklýuziw bilim berilmegine, çagany terbiýelemekde maşgalanyň ornuna, çagalara durmuş goldawynyň berilmegine degişli esasy, has möhüm meselelere garamak göz öňünde tutulýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu foruma  Özbegistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny aýtdy. 

Özbek Lideri Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara gatnaşyklarynyň netijeli guralmagyna jogapkärli çemeleşmeleri üçin hoşallygyny beýan edip, umumy tagallalaryň birleşdirilmeginiň hem-de bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrmagynyň diňe biziň iki goňşy ýurtlarymyzyň däl-de, umuman, Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşine goşant boljakdygyna ynam bildirdi. 

Görnüşi ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanda hem, Özbegistanda hem halkara derejeli çärelere baý bolar. Olaryň ählisi halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek ýaly asylly maksatlara bagyşlanar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we  halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan hem-de içeri we daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörelgelerini işjeň öňe sürýän biziň doganlyk ýurtlarymyzyň mundan beýläk hem Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen uzakmöhletleýin we giň gerimli strategiýalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşjakdyklaryna, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna ýardam berjekdiklerine ynam bildirdi. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew  birek-birege berk jan saglyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikler, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
19.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
19.03
Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahaty geçirildi
19.03
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
18.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr
18.03
Hususy pudagyň maýa goýum mümkinçilikleri ýokarlanýar
18.03
Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirilýär
17.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.03
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow