Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Onuň Alyhezreti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti jenap K.K.TOKAÝEWE
Syýasy habarlar
Onuň Alyhezreti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti jenap K.K.TOKAÝEWE
Çap edildi 10.03.2025
2193

Çuňňur hormatlanylýan Kasym-Žomart Kemelewiç!

Ilki bilen, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşýan uly şahsy goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Häzirki döwürde biziň gatnaşyklarymyz köpugurly strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykdy. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy ugurlaryň örän giň toplumy boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň halkara giňişlikde ýakyndan syýasy-diplomatik özara hyzmatdaşlygy onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda we şu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, onuň Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny pugta we üýtgewsiz goldaýandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Biziň ýurdumyz hem, öz nobatynda, Gazagystanyň halkara ähmiýetli tekliplerine hemişe hormat bilen garaýar, olary dünýäde öňe sürmäge işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanda gazak diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşi — Gazagystan Respublikasynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezi» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habary buýsanç hem ruhubelentlik bilen kabul etdik. Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Gazagystanyň halkyny bu möhüm taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Depginli ösýän we täzelenen Merkezi Aziýany döretmek, Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen bu Kararnamanyň şeýle işlere Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn. Bu resminamanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda kabul edilmegi guwandyryjydyr. Biz munda aýratyn manyny, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki bilelikdäki hereketleriniň sazlaşykly, utgaşykly ugruny görýäris. Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç, ýene-de bir gezek biziň gutlaglarymyzy kabul ediň! Size berk jan saglyk, döwlet we halkara işleriňizde uly üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
top-arrow