Şu ýylyň fewral aýynda geçirilen gepleşiklerdir maslahatlar, işewürlik duşuşyklarydyr syýasy geňeşmeler «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyňlygy bilen subut etdi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň dolandyryjy partiýasy bolan «Rowaçlyk partiýasynyň» ýolbaşçy düzüminiň çakylygy boýunça bu partiýanyň Addis-Abeba şäherinde geçirilen ikinji gurultaýyna gatnaşdy. Saparyň çäklerinde partiýanyň ýolbaşçylary, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Prezidenti, ýurduň daşary işler boýunça döwlet ministri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.
3-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy. Onuň gün tertibine YHG-nyň çäklerinde maliýe-býujet ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, “2025-nji ýyl üçin YHG-nyň garaýşynda” kesgitlenen maksatlaryň durmuşa geçirilişi, bu düzümiň işiniň gurallaryny kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy. Duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar dürli ugurlarda ösdürilýän türkmen-gazak gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljek üçin bilelikdäki hereketler, halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki, şeýle hem «Merkezi Aziýa +» görnüşindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
4-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi, BMG-niň çäklerinde halkara başlangyçlary durmuşa geçirmekde özara goldaw bermäge taýýarlyk tassyklanyldy.
5-nji fewralda Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň altynjy duşuşygynyň dowamynda sebit howpsuzlygy we ösüşi, Owganystanda durmuş-ykdysady infrastrukturany dikeltmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça özara hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
5-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimanyň arasynda geçirilen duşuşyklarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýändigi nygtaldy.
6-njy fewralda Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astanada geçirilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy. Onda “Pekin+30” sebit syny, Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlarynyň 5-njisi boýunça gazanylan ösüş, gender deňligini maliýeleşdirmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň «BMG — Zenanlar» düzüminiň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebitleýin direktory Belen Sans Luke bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşler gender syýasatyny kämilleşdirmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.
10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.
Şol gün Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen dörttaraplaýyn iş duşuşygyna Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ýük daşamalary ösdürmegiň, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagyň meselelerine üns çekildi.
10-njy fewralda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
11-nji fewralda geçirilen türkmen-awstriýa syýasy geňeşmeleriniň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň arasynda halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň direktory Ewe-Kýulli Kala bilen geçirilen duşuşygyň barşynda atom energiýasyny bütin dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek üçin ulanmak maksady bilen bu agentlik bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy.
11-12-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Tährana amala aşyran saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Eýranyň nebit ministri, energetika ministri, ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda nebitgaz, elektroenergetika, ulag, suw hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.
12-nji fewralda Tähranda türkmen-eýran syýasy geňeşmeleri geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de abraýly halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
14-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň meseleleri girizildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň Mongoliýanyň, Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi bilen özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy hem-de milli toparyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, 2025-nji ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi.
17-nji fewralda Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda halkara ynsanperwer hukugyny berjaý etmek ugrundaky işleri boýunça geçirilen brifingiň dowamynda adam hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, gender deňligini goldamak ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.
17-18-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumda söwda-ykdysady, ulag infrastrukturasy, energetika, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak ýaly ugurlarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň jemleri boýunça Bilelikdäki Teswirnama kabul edildi. Şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, bu ýurduň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref bilen duşuşyklar geçirildi.
18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat we sergi geçirildi. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda adam hukuklary babatda milli meýilnamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak, Türkmenistanda demokratik institutlary kämilleşdirmek, halkara şertnamalara goşulyşmak boýunça bilelikdäki konsultatiw işleriň wajyp ähmiýeti nygtaldy.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu sapar türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
19-njy fewralda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň sanly ulgam arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
21-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda BAE bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmegiň ugurlaryna garaldy.
23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde Hazar meselesi boýunça deňagramly çözgütleri işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň ençeme ýyllaryň dowamynda alyp barýan işiniň, halkara hukugyň çäginde Hazarýaka ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren «Hazar ekologik başlangyjynyň» durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi.
24-nji fewralda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Milletler Bileleşigi we onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen edaralarynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.
25-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýun bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.
Şol gün Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» parlamentara dialogynyň 8-nji mejlisinde we Daşary işler ministrliginde Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda Ýewropa Bileleşigi bilen, şeýle hem «ÝB — Merkezi Aziýa» formatynyň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Adam hukuklaryny goramak, gender deňligi, raýat jemgyýeti guramalaryna goldaw bermek ýaly ugurlarda ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmelere aýratyn üns çekildi.
24-25-nji fewralda Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň parlament wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistanyň Mejlisine Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna agza bolmak teklip edildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçirilen duşuşygyň barşynda doganlyk döwletiň Prezidentine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli şu ýylyň dekabrynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyndan çakylyk haty gowşuryldy.
25-nji fewralda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda dürli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda nebitgaz, energetika, söwda, maýa goýum, ulag-logistika, şäher gurluşygy, oba hojalygy, ylym-bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi. Onuň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Saparyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz bilen duşuşyk geçirildi.
25-nji fewralda ýurdumyzyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde geçirilen Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň dördünji mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda özara saparlary guramaga, ýokary okuw mekdeplerinde bilelikdäki maslahatlary, okuw we ussatlyk sapaklaryny geçirmäge gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim almagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
26-njy fewralda Bişkekde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň, halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-nyň, “Merkezi Aziýa +” formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.
Şol gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçirilen duşuşykda dostlukly döwletiň Prezidentine şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara foruma gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çakylyk haty gowşuryldy.
27-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda bu telekompaniýa bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi nygtaldy.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, sebitleýin direktory Beata Andres bilen geçirilen duşuşygyň barşynda parahatçylygy, durnuklylygy, özara düşünişmegi berkitmek babatda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri, şu ýylda bilelikde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
27-nji fewralda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Onuň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
28-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen geçiren duşuşygynda Bütindünýä banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Indoneziýa Respublikasynyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.
Şeýlelikde, fewral aýynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlardyr abraýly halkara guramalar bilen bilelikde geçiren köpugurly çäreleri Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýany boldy.