Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 05.03.2025
131

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, serkerdeleriň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby doktrinasynyň ýurdumyzda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepilidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimizi mundan beýläk-de döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmegiň, Goranmak ministrliginiň, onuň garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, serkerdeleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet bermegiň, Ýaragly Güýçlerimizi kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak, sanly ulgamy işjeň ulanmak, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunda sanly ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga zerur ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna yzygiderli prokuror gözegçiligini amala aşyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli düzümleri döwrebap enjamlardyr tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar, sanly ulgam işjeň ulanylýar. Şeýle hem hasabat döwründe Watan goragçylarynyň güni mynasybetli birnäçe desgalaryň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini ýokary derejede üpjün etmek, jenaýatçylygyň, beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin içeri işler edaralaryna sanly ulgamy we işiň täze usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, degişli düzümlere sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekip, kanunylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy düzgün bozulmalary ýüze çykarmaga, olary döredýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga, kazyýet edaralarynyň işiniň hilini, kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, Watanymyzda parahatçylygy üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady we birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş serhetçileri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümleri täze tehnikalar bilen üpjün etmek, serhet goşunlaryny ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere hemişe üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin degişli teklipleriň taýýarlanylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň öňde durýan esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribesini öwrenmek zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we kanun taslamalaryny taýýarlamak, taslamalara hukuk taýdan netijenama bermek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek, edara-kärhanalarda, raýatlaryň arasynda kanunçylygy düşündirmek bilen bagly çäreleri yzygiderli geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerini täze tehnikalar bilen üpjün etmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Döwlet gümrük gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny nazara almak bilen, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlary yzygiderli guramagyň wajypdygyny nygtady. Ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ulanmak döwletimiziň serhedinden geçirilýän harytlaryň we ýükleriň talabalaýyk gözden geçirilmegini üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini alyp barmagy, bu düzümiň maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek işini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň iki aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda işgärleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde döwrebap desgalaryň ulanmaga berlendigi aýdyldy. Şeýle hem migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda migrasiýa ýagdaýlaryna ygtybarly gözegçilik etmek, raýatlara migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Şunda bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
05.03
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.03
Türkmenistanyň Prezidentiniň Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
05.03
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
05.03
Çagalaryň sagdynlygy we bagtyýarlygy — Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepili
04.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
04.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
04.03
Baş maksat — halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we Watanymyzy gülledip ösdürmek
04.03
Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
03.03
M.A.Paşanakow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow