Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi
Çap edildi 28.02.2025
2096

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi.

Hanym Antonella Bassani bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Bütindünýä bankynyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurtda milli maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, dürli pudaklarda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, ösüşiň ýokary depginini saklap galmaga mümkinçilik berýär. Myhman pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz iri halkara maliýe guramasynyň wekilini mähirli mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de myhmanyň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda ykdysady ösüşi goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, maliýe ulgamyny kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek, ekologik durnuklylygy üpjün etmek bilelikdäki işiň esasy ugurlary bolup durýar. Ýurdumyzda makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bu taslamalaryň esasy maksadydyr.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmeginiň ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Ýurdumyzda ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Mundan başga-da, Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň bähbidine milli banklarymyz we hususy pudak bilen gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýarys. Ykdysadyýete täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de Bütindünýä banky bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, hanym Antonella Bassanä alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
top-arrow