Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 28.02.2025
1561

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!

Ozaly bilen, Siziň Alyhezretiňizi hem-de ýurduňyzyň doganlyk halkyny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany kabul etmegi bilen ýene-de bir gezek gutlamaga şatdyryn. Siziň iberen hatyňyzda beýan eden, ähli agza döwletleriň arasynda parahatçylygy, özara düşünişmegi, halkara derejede ynanyşykly dialogy pugtalandyrmagyň ýolunda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine ýardam berýän bu çözgüdiň BMG-niň taryhynda aýratyn möhüm we ägirt uly ähmiýete eýedigi baradaky pikiriňizi doly goldaýaryn.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi bu seneleriň çuňňur many-mazmunyny bütin dünýä aýan etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ajaýyp Aşgabat şäherinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli foruma gatnaşmaga Siziň çakylygyňyzy hoşallyk bilen kabul edýärin. Öňde boljak şanly seneler mynasybetli dabaralara gatnaşmak meniň üçin uly mertebedir. Şol forumda Türkmenistan tarapyndan öňe sürüljek ähli oňyn başlangyçlaryň, maslahata gatnaşyjylaryň ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini, Durnukly ösüş maksatlaryny ara alyp maslahatlaşmaklarynyň, forumyň jemleýji resminamalarynyň özara ynanyşmak we raýdaşlyk ruhunyň berkidilmegine uly goşant boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda işjeň tagallalaryňyza ýokary baha bermek bilen, Siziň Alyhezretiňiziň we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistanyň geljekde-de ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirýärin. Biz bilelikdäki tagallalar arkaly döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegini gazanarys.

Pursatdan peýdalanyp, Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asylly işleriňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Size Özbegistanda sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Tüýs ýürekden hormat goýmak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
top-arrow