Şu gün Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Institutyň eýwanynda türkmen diplomatiýasynyň, bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň taryhyna bagyşlanan sergi guraldy. Onda daşary döwletleriň ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň diwarlyklaryna hem orun berlipdir.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlerimize iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip gelýändigi bellenilýär. Geçen ýyllarda bu ugurda toplanan tejribeler Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň asylly maksatlaryna doly laýyk gelýändigini görkezdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny degişli Kararnamalar bilen iki gezek ykrar etmegi munuň aýdyň güwäsidir. “Häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň has-da ösmegine, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatymyz ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky möhüm wezipelerimiz “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” giňden beýan edilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň dünýä syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, onuň dürli döwletler we halkara guramalar bilen dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek boýunça diplomatik gullugyň öňünde uly wezipeler durýar. Bu babatda türkmen diplomatlarynyň ussatlygyna, tejribelerine aýratyn orun degişlidir.
Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikleri oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasat halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar. Forumda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky ilçisi Beata Peksa, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş etdiler. Çykyş edenler häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, halkara we sebit düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtadylar. Döwletimiz kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary, konwensiýalary berjaý etmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, öz ägirt uly syýasy, ykdysady, medeni mümkinçiliklerini parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Dürli ulgamlarda amala aşyrylan we aşyrylýan bilelikdäki taslamalar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden Kararnamalary hem munuň aýdyň mysalydyr.
2024-nji ýylyň 21-nji martynda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň 86 ýurduň awtordaşlygynda biragyzdan kabul edilmegi BMG-niň strategik hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmeginde goşýan goşandyna, döwletimiziň ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyna ýokary baha berilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Geçen ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň makullamagynda ýurdumyzda-da 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Çykyş edenler Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy baýram edilýän şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere aýratyn ünsi çekdiler.
Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, diplomatlar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar. Häzirki şertlerde halkara gatnaşyklarda türkmen diplomatiýasynyň orny barha ýokarlanýar. Ol adaty we häzirki zaman iş ugurlarynyň sazlaşygynyň nusgasydyr. Şunuň bilen baglylykda, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşýan milli diplomatik gulluga uly talaplar bildirilýär.
Halkara meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna deňagramly, köpugurly, yzygiderli çemeleşmek, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlylyk ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm aýratynlyklarydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan ykdysady, ulag, energetika, ekologiýa, suw, ylmy, lukmançylyk, medeniýet hem sport ýaly diplomatiýanyň dürli ugurlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy berkitmekde wajyp orny eýeleýär.
Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýanyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermek maksady bilen, ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa täze hünär ugurlarynyň açylmagynyň, okuwy guramak işine öňdebaryjy innowasion usullaryň, sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň, daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurlygyny şertlendirýär. Şu maksat bilen, 2008-nji ýylda ugurdaş ýokary okuw mekdebi — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty esaslandyryldy. Bu bilim ojagy habarçy agza derejesinde «The World University Rankings — 2024» sanawyna girizildi. Munuň özi institutyň akademiki mümkinçilikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlary netijesinde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär we infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň işjeň daşary syýasat ugry möhüm halkara meseleleri çözmekde, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmakda döwletimiziň uly kuwwatynyň bardygyny tassyklaýar.
Bellenilişi ýaly, döwletimiz uzak möhletleýin geljekde özara gatnaşyklaryň usullaryny we binýadyny emele getirmek, taryhyň hem-de maksatlaryň umumylygy esasynda sebit gatnaşyklarynyň esaslaryny berkitmek arkaly öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýär. 2007-nji ýylda sebit döwletleriniň ählisiniň goldamagynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Watanymyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň durnuklylygyna goşýan uly goşandy bolup durýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin bu gullugyň işgärlerine «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny hem-de degişli şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlary hem gowşuryldy. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.