Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Russiýanyň Liderine bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýan, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň özara bähbitlilige, deňhukuklylyga, hoşniýetlilige, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen diplomatlaryna möhüm orun degişlidir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem uly goşandyny nygtamak gerek. Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden baýram edilýär. Milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygynyň bu möhüm senä gabat gelmegi-de uly many-mazmuna eýedir.
Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy diplomatik işgärleriň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu hünär baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanda saparda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Öz gezeginde, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow gutlaglar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, şeýle-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklary köp asyrlaryň dowamynda ysnyşykly we dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Şol gatnaşyklar medeniýetleriň, diliň, diniň, däp-dessurlaryň meňzeşligine, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýär. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady, syýasy we beýleki ugurlarda köp işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy. Türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin dürli ugurlarda netijeli işleri alyp barýarys. Bu babatda gowy netijeleri gazanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Biz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn nygtady we häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk esasynda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi.
Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar barada edýän aladasy üçin Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, şu ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri tüýs ýürekden hormatyny beýan edip, myhmany bu foruma gatnaşmaga çagyrdy hem-de Rustam Minnihanowyň oňa gatnaşmak bilen, bu iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda şu saparyň türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman bilelikde Aşgabadyň Halkara howa menziline bardylar. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bu ýerden Watanyna ugrady.