Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2025-nji ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2025-nji ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 06.02.2025
190

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde guralan dürli mazmunly çärelerde — duşuşyklarda, syýasy geňeşmelerde, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gepleşiklerdir maslahatlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Açyk gapylar», giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty öz aýdyň beýanyny tapdy.

4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döwlet Baştutanymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Eserde akyldaryň durmuş ýolunyň, döredijiliginiň ylmy esasda öwrenilişi, şahyryň pähim-parasatly wesýetleriniň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky orny, şeýle-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen şygara beslenen 2024-nji ýylda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýeti barada söhbet açylýar. Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Dabara gatnaşyjylar şahyryň öz şygyrlarynda wasp eden parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleriniň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly täsirini ýetirýändigini nygtadylar.

7-nji ýanwarda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen geçirilen duşuşykda maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, saud maýasynyň gatnaşmagynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suw we oba hojalygy, saglygy goraýyş ulgamlarynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

13-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar ÝB bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar, 2025-nji ýylda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meýilnamalaryna ünsi çekdiler.

14-nji ýanwarda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşyk geçirildi. Onda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn dialogyň möhüm ähmiýeti bellenildi hem-de halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň, şol sanda, arheologiýa, bilim, medeniýet ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şol gün Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda berk hukuk binýadyna daýanýan, yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýän türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garaldy. Şunda 2025-nji ýylyň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna beslenmeginiň özboluşly many-mazmuna eýedigi nygtaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanylandygy barada aýdyldy. Bu resminamada ýurdumyzyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň meseleleri, özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek bilen bagly garaýyşlary beýan edilýär.

15-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy. Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 10-njy mejlisinde özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde bu toparyň alyp barýan işiniň durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm guraly bolup çykyş edýändigi bellenildi. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy nygtaldy.

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

17-nji ýanwarda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasatyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Dabarada Goşulyşmazlyk Hereketiniň adyndan Ugandanyň, “77 toparynyň” adyndan Yragyň, Arap toparynyň adyndan Müsüriň, BMG-niň Tertipnamasyny goramagyň dostlary toparynyň adyndan Wenesuelanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň we beýleki wekiliýetleriň çykyşlary diňlenildi. BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak we dialogyň medeniýetini ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän başlangyçly ornuna ünsi çekdi hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan Milletler Bileleşiginiň sebit hem dünýä derejesinde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky tagallalaryny goldaýandyklary üçin hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize hoşallygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-20-nji ýanwarda Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň dowamynda Şazada Alber II bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýar. Munuň özi dürli ugurlarda döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Monakonyň arasyndaky ikiçäk we giňişleýin düzümdäki gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmekde, şol sanda abraýly halkara düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz saparynyň çäklerinde Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen hem duşuşdy.

Şol günlerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzyň meşhur toparynyň şeýle abraýly halkara festiwala çagyrylmagy we üstünlikli çykyş etmegi Türkmenistanda sirk sungatyny ösdürmekde ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär.

21-nji ýanwarda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Katýa Şeferiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşiklerde durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryna laýyk gelýän we Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-njisiniň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýän milli maksatnamalaryň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

22-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gazagystan bilen sebit hem-de halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki düýpli işlere bil baglaýandygyny aýtdy.

23-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar çagalary goramagyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, çaganyň saglygyny goramak we onuň ösüşi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

24-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen geňeşmelerde konsullyk ulgamyndaky hem-de bu ugurda bilelikdäki taslamalarydyr başlangyçlary durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin ikitaraplaýyn geňeşmeleri yzygiderli geçirmеgiň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle-de şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda hem-de häzirki wagtda hereket edýän ýöriteleşdirilen maksatnamalaryň, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiniň, parlamentara dialogyň, adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasynyň” ähmiýeti nygtaldy.

27-nji ýanwarda Tokio şäherinde türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda nebitgaz, gazhimiýa, elektroenergetika, ulag pudaklarynda, sanly ulgam, maglumat tehnologiýalary babatda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, abraýly halkara guramalar, hususan-da, BMG bilen gatnaşyklary has-da ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde ýurduň daşary işler boýunça döwlet ministri Hisaýuki Fuji, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti Hiroýuki Subaý bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýarlyk beýan edildi.

26-njy ýanwarda Özbegistanda iki ýurduň daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda dürli ugurlarda türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Baştutany Şawkat Mirziýoýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Abdulaziz Kamilow bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine üns çekildi. Şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde ýokary derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alşyldy.

29-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa, suw meselesi bilen baglanyşykly ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine aýratyn üns çekildi.

31-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen bir hatarda, taraplar bu merkeziň Türkmenistandaky taslama edarasynyň sebitiň ýurtlarynyň tebigaty goramak we suw boýunça pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen işiniň möhüm ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýanwar aýynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek babatda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Taraplar BMG-niň çäginde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýlelikde, geçen aý halkara derejedäki möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ählumumy abadançylygyň bähbidine gülläp ösüşiň ýoly bilen mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegine gönükdirilen maksatlarynyň ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Soňky habarlar
07.02
«Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2025-nji ýyldaki ilkinji sany okyjylara ýetirildi
06.02
2025-nji ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
06.02
P.H.Durdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
06.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
05.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.02
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi
05.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.02
Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalary gurlar
05.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşygy
top-arrow