Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi
Çap edildi 05.02.2025
637

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, Imperator Naruhito we Premýer-ministr Sigeru Isiba iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Akihisa Nagaşimanyň saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine, bu duşuşyklaryň netijeleriniň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine laýyklykda işjeň ösdürilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz bu dialogyň sebit derejesinde-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança bolup durýandygyny aýdyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlary öz içine alýar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir. “Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada şu ýylyň aprelinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan hem bu serginiň Ýaponiýada geçirilmegini goldap ses berdi. Serginiň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirmek bilen, biz ýörite guramaçylyk toparyny döretdik we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Akihisa Nagaşima Ýaponiýada Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu sergä gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
15.03
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri ýokarlanýar
15.03
Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guralar
15.03
Türkmen telekeçileri – ýurduň altyn gaznasy
14.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
14.03
Senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň tertibi tassyklanyldy
13.03
Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassalygy nobatdaky güwänama bilen tassyklanyldy
13.03
Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy — biri-biriniň üstüni ýetirýän parahatçylyk dörediji gurallar
12.03
Hormatly Prezidentimiz Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
top-arrow