Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 21-nji Ýanwar
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 21-nji Ýanwar
Çap edildi 21.01.2017
1866

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, BAE-den, Owganystandan, Gonkongdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Türkiýeli işewürler tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Belizden, Ukrainadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna azyklyk bugdaýy, nah mata we ýüplügi, pagta süýümi, çig ýüpegi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million 215 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 791 müň manatdan gowrak polipropileni (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow