Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 01.02.2025
846

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň buýsanjy bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga, şeýle-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda milli sirk sungatynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Abraýly halkara festiwallaryň, bäsleşikleriň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup gelýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy barha artýar. Olaryň oýunlary sirk we baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýyp, ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar dürli tärlere eýe bolandyklaryny ussatlyk bilen görkezýärler. Toparyň agzalarynyň ýyndam ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleri, täsin milli at üstündäki oýunlary bu gün dünýä halklaryny haýran galdyrýar.

«Galkynyş» topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp boldy. Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanylan ajaýyp üstünlik hem ýyndam ahalteke bedewleriniň abraýyny has-da belende göterdi. Toparyň abraýly halkara festiwallarda we bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri berkarar döwletimizde atşynaslygy ösdürmekde, ýaşlarymyzda sporta, bedew ata söýgi döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» ýaly parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere goýýan hormatyndan nyşandyr. Siziň baştutanlygyňyzda eziz Diýarymyzda atçylygy, atçylyk sportuny dünýä derejesinde ilerletmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara assosiasiýanyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmegi dürli döwletler bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda halkara ölçeglere laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, athanalaryň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Milli atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilmegi, hususan-da, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi ahalteke bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda uly tagallalaryň edilýändigini görkezýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça amala aşyrýan asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar. Türkmen halky ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga, şeýle-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
15.03
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri ýokarlanýar
15.03
Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guralar
15.03
Türkmen telekeçileri – ýurduň altyn gaznasy
14.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
14.03
Senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň tertibi tassyklanyldy
13.03
Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassalygy nobatdaky güwänama bilen tassyklanyldy
13.03
Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy — biri-biriniň üstüni ýetirýän parahatçylyk dörediji gurallar
12.03
Hormatly Prezidentimiz Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
top-arrow