Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onda özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutanyny öz adyndan, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan täze ýyl bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny beýan etdi, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda Gazagystanyň Lideriniň özüne iberen haty üçin minnetdarlyk bildirdi. Onda Kasym-Žomart Tokaýew ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň çemeleşmeleriniň düýpli ähmiýetini belledi hem-de olary goldaýandygyny beýan etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylda öňde durýan wajyp wezipeler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda düýpli pikir alyşmalar boldy. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz şunda köp babatda Gazagystanyň Baştutanynyň hyzmatlarynyň bardygyny belläp, iki döwletiň gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy we yzygiderli ünsi üçin Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňky wagtda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň has-da işjeňleşendigi kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň özi ykdysady, söwda, ynsanperwer we beýleki ugurlarda, şol sanda suw bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn binýat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde gazak Lideri bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. XXI asyrda suw bilen bagly mesele ählumumy ähmiýete eýedir. Ýer şarynyň ykdysady we ekologik abadançylygy, syýasy döwletara gatnaşyklaryň häsiýeti hem ugry köp babatda biziň suw meselelerinden netijeli baş alyp çykyşymyza baglydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz bu meselelerde Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigine hem-de onuň bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şol sammitdäki çykyşynda Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna garalanda üç ugra — halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilmegine; sebitiň hemme döwletleriniň bähbitleriniň özara hasaba alynmagyna; halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny bu meselä gatnaşdyrmak ýörelgelerine eýerilmelidigini nygtapdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň, ozalkysy ýaly, geljekde-de suw meselesinde berk we ylalaşylan çemeleşmä eýerjekdiklerine ynam bildirdi. Milli Liderimiz ekologiýa meselesine geçmek bilen, dostlukly döwletiň Baştutanyna Araly halas etmegiň halkara gaznasyna netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň geljek ýyllarda hem howa we ekologiýa gün tertibinde Gazagystanyň garaýyşlaryny doly goldamagyny dowam etdirjekdigini belledi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berildi. Munuň özi Türkmenistanyň bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer syýasatynyň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak barada aýdylanda, Türkmenistanyň BMG-niň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça milli hereketleri güýçlendirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň howa we tebigaty goramak meselelerinde BMG bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi. Ynsanperwer ulgamda Türkmenistan migrantlar, bosgunlar bilen baglanyşykly, şeýle-de raýatsyzlygy aradan aýyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Biz ýurdumyzyň apatridler we bosgunlar bilen işlemek ugrunda toplan tejribesini sebitiň beýleki döwletlerinde hem ulanmaga garamagy teklip edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ägirt uly diplomatik we döwlet tejribesini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň bu başlangyçlary barada onuň pikirini bilmek isleýändigini beýan etdi.
Dostlukly döwletiň Lideri ýurdumyzyň ählumumy derejedäki başlangyçlarynyň aýratyn möhüm ähmiýetini belläp, olary durmuşa geçirmekde Gazagystanyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri goldawy, maslahatlarydyr teklipleri üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna başlamak bilen, 2025-nji ýylda Gazagystan bilen sebit hem-de halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki düýpli işlere bil baglaýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşler türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada-da pikir alyşdylar. Şu maksat bilen, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda tiz wagtda geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtlarda şeýle geňeşmeleri Astanada guramak hem-de bu meseläniň gazak tarapy bilen ylalaşylan ýagdaýynda, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny Gazagystanyň paýtagtyna ibermek baradaky teklip beýan edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygy hem-de bäştaraplaýyn görnüşde geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-biregi täze ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.