Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 21.01.2025
1799

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, jenap Kristofer Daggany Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenilen wezipeleri Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, onuň meniň adymdan aýtjak sözlerine, aýratyn-da, Siziň ýurduňyza rowaçlyk, gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Meri Meý SAÝMON,
Kanadanyň General-gubernatory.

***

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Daggandan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini Türkmenistanda diplomatik wezipä girişmegi bilen gutlap, oňa iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Kanadanyň doly ygtyýarly wekili, öz gezeginde, ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, rowaçlyk we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şunda Mejlisiň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işine uly üns berildi. Kanunçylyk ulgamynda tejribe alyşmaga we türkmen-kanada gatnaşyklarynyň ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň aýratyn mazmunyny düzdi. Kristofer Dagganyň belleýşi ýaly, Kanada Merkezi Aziýa sebitiniň geljegi uly ýurtlary, şol sanda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Türkmenistan bilen köpugurly dialogy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny, munuň üçin ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” we ählumumy bähbitlere gönükdirilen syýasatynyň amatly şertleri döredýändigini nygtadylar.

Türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek işinde ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
20.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
19.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary tamamlandy
19.03
Onuň Alyhezreti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti jenap K.K.Tokaýewe
19.03
Möhletinden öň ses bermek hukugy — saýlawlaryň demokratik ýörelgesi
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
18.03
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy
18.03
Gahryman Arkadagymyz «CNPC-niň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow