Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 07.01.2025
1433

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny, şeýle-de däp bolan dostlukly döwletara dialoga ygrarlylyk baradaky sözlerini ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz belarus Liderine mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Stanislaw Çepurnoýy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Belarusuň doly ygtyýarly wekiliniň öz wezipesini ýerine ýetirýän döwründe ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde işjeň gatnaşyk edýändikleri kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ulgamlaryndaky ýakyn hyzmatdaşlygy iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Diplomat döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan türkmen-belarus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek hem-de iki dostlukly ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Stanislaw Çepurnoýy Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary hünär we şahsy häsiýetleri öz borçlaryny Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna, hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan Size ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Aleksandr LUKAŞENKO,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
22.08
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasy
22.08
Hazaryň kenarynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
22.08
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
22.08
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
22.08
Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
22.08
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
21.08
Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy
21.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
20.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
20.08
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
top-arrow