Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 31.12.2024
2295

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 2024-nji ýyl wakalara baý we netijeli ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl dostlugyň, netijeli hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady hem-de ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen öňe gitmegiň möhümdigini hem-de zerurdygyny görkezdi.

Geljek ýylda-da ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigimize, wagtyň synagyndan geçen belarus-türkmen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygymyza ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, egsilmez ruhubelentlik, abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýyl mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Serjio MATTARELLA,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýylda Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize, ýurduňyzyň Hökümetine we dostlukly halkyna Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Geljek ýylda hem dünýäde parahatçylygyň, adalatlylygyň, deňhukuklylygyň höküm sürjekdigine umyt edýäris.

Hormatly jenap Prezident, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, täze ýylda täze belent sepgitlere ýetiljekdigine ynanýaryn. Täze ýylda Size rowaçlyk, ýurduňyzyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdel Fattah AL-SISI,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Polşanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň raýatlaryna Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Goý, Täze ýyl hemmelere gülläp ösüş getirsin, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar mundan beýläk-de ilerläp, halkara hyzmatdaşlyk has-da berkesin!

Size çuňňur hormatymy beýan edýärin.

Anjeý DUDA,
Polşa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

2025-nji ýylda bagtyýarlyk, parahatçylyk, şatlyk, bolelinlik hem-de arzuwlaryň hasyl bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Wladimir ZELENSKIÝ,
Ukrainanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi we Türkmenistanyň Hökümetini hem-de halkyny mähirli gutlaýaryn. 2025-nji ýylda we geljekki ýyllarda bütin dünýäde parahatçylygyň berkarar bolmagyny Beýik Biribardan dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow