Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 29.12.2024
2168

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemleýän häzirki günlerimizde Siziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyňyzyň ilkinji nusgasyny elimize aldyk. Täze kitabyňyzyň neşir edilmegi mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljak şeýle eserleriňiziň höwrüniň köp, döwet galamyňyzyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyz rowaç bolsun!

Hormatly Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna uly goşant goşan halkymyzyň özboluşly, gaýtalanmajak maddy hem ruhy gymmatlyklary jemgyýetimiziň häzirki sazlaşykly ösüşine oňaýly täsir edýär. Täze döwürde milli mertebäniň we buýsanjyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly türkmen taryhy, maddy hem-de ruhy mirasy ylmy esasda düýpli öwrenilýär.

Türkmen halkynyň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen garaýyşlary häzirki nesiller üçin ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat edýär. Milli buýsanjy, Watan mertebesini has-da beýgeltmek, ony ösdürmek, gurmak, döretmek üçin ruhlandyryjy ylham çeşmesi bolup durýar. Dünýäniň akyldar şahyry jöwher sözüň gudraty bilen şygryýet äleminde öçmejek yz galdyrdy. Onuň giň mazmunly şygyrlary ynsan mertebesine hormat goýmaga, Ýer ýüzünde adalatly ýaşaýşy berkarar etmäge çagyrýar.

Beýik söz ussadymyzyň hormatyna 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilip, görnükli nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy milli we halkara derejede giňden bellenildi. Şahyryň hormatyna iri medeni, jemgyýetçilik-syýasy çäreler geçirildi, alymlarymyzyň, magtymgulyşynaslaryň täze işleri köpçülige ýetirildi. Siziň gatnaşmagyňyzda şu ýyl Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumyň açylmagy hem hakyky ynsanperwer, beýik söz ussadynyň şahsyýetine, edebi mirasyna goýulýan belent sarpanyň ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy. Siziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyňyz hem söz ussadymyzyň ýubileý senesi mynasybetli bagtyýar halkymyza gymmatly sowgatdyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siz baý many-mazmunly kitabyňyzda halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde hem-de geljek nesillere ýetirmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin söhbet açýarsyňyz. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklary ösdürmek hem-de baýlaşdyrmak, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda edýän tagallalaryny giňden beýan edýärsiňiz. Siziň bu kitabyňyzyň eziz Watanymyzyň we merdana halkymyzyň bähbidini öňe ilerletmekde türkmen halkyna goldaw berjekdigine, diňe bir ýurdumyzyň ylmy-edebi hazynasynda däl-de, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň ylmy hazynasynda-da mynasyp orun aljakdygyna pugta ynanýaryn.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Sizi «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyňyzyň çap edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, täze eseriňiz halkymyzyň ruhuna ruh goşup, täze we döredijilikli başlangyçlara şamçyrag bolsun! Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
top-arrow