Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 21.12.2024
429

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň barşynda birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Olar häzirki döwrüň talaplary hasaba alnyp hem-de degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini, kanunçylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Mejlisinde Gresiýa Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament işini guramak boýunça komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyklar geçirildi. Bellenilişi ýaly, deputatlar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, berkarar döwletimiziň gazanýan üstünliklerini wagyz etmek, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini we many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça çärelere, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow çykyş edip, 6-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyrygyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň ähli işgärlerine noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 20-nji dekabra çenli doly tölenendigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi we zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp hem diňleýji haklarynyň öz wagtynda tölenmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” we “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipelerden ugur alnyp, topluma degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary zerur enjamlardyr serişdeler bilen üpjün etmek, web saýtlary kämilleşdirmek, hyzmat etmegiň elektron görnüşine geçmek, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, olaryň goraglylygyny hem-de maglumat infrastrukturalarynyň durnukly işlemegini gazanmak boýunça işler tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, bank edaralarynyň plastik kart we töleg ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen aýrylmaz bagly bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýere gözegçilik edýän toplumynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, nebithimiýa senagatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek babatda geçirilýän işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, nebithimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary zerur bolan maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek üçin degişli Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleri, hususan-da, ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerini dowam etdirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny abatlap, ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Tohumlyk pagtany talabalaýyk saklamak, tohumlary gowaça ekişi möwsümine taýýarlamak işlerini hem üns merkezinde saklamak, bugdaý ekilen meýdanlara ideg işlerini dowam etdirmek, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de onuň kärhanalary tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmek babatda degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini fosforly dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew 2025-nji ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilmegi teklip edilýän sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäreler milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri halkara jemgyýetçilige giňden tanyşdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini halkara derejede giňden tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigine ünsi çekip, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylyň ýanwar aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýanwar aýynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Täze ýyl, Watan goragçylarynyň güni, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, brifingleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Täze ýylyň ilkinji aýynda guralmagy göz öňünde tutulýan esasy çäreleriň hatarynda baýramçylyk dabaralaryny, sahna oýunlarynyň görkezilişlerini, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny görkezmek bolar. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde edermen esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabarasy geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda geljek ýylyň ilkinji aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Watan goragçylarynyň güni bilen bagly çäreleri, Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyny, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde Täze ýyl dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalara niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişleri, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler.

Söwda-senagat edarasynda 1 — 10-njy ýanwar aralygynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjak bagtyýar körpelere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlaryny gowşurmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary derejede geçirmegiň, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini talabalaýyk guramagyň zerurdygyny belledi hem-de hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 15-nji bilelikdäki mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şol ýurtlaryň hatarynda Ýaponiýa hem bar. Şunuň bilen baglylykda, 16-17-nji dekabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 15-nji bilelikdäki mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy. Mejlise Ýaponiýanyň “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar gatnaşdy. Ýapon wekiliýetiniň düzümine “ITOCHU Corporation”, “Mitsubishi”, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.”, “Sumitomo” we beýleki iri kompaniýalaryň, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC), JETRO daşary söwda guramasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň girizilendigini bellemek gerek.

Komitetleriň bilelikdäki mejlisi iki mowzuga bagyşlandy. Birinji bölümde söwda-ykdysady, nebitgaz we himiýa senagaty, “ýaşyl” energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseleler boýunça türkmen tarapy dekarbonizasiýa ugrunda orta göwrümdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki karz bermek guralyny ulanmak boýunça geňeşmeleri ýola goýmagy; Türkmenistanda ýapon kompaniýalary tarapyndan gurlan kärhanalarda öndürilýän harytlary eksport etmäge ýapon tarapyny çekmek guralyny döretmegi; dikeldilen metany çig mal hökmünde ulanmak mümkinçiligini öwrenmek arkaly metan zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy; “ýaşyl” we wodorod energetikasynda ýapon tejribesini öwrenmegi hem-de häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçiligi ýola goýmagy; “GTG-2” taslamasy üçin “Ýol kartasynyň” wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Pariž ylalaşygynyň borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandynyň rejelenen görnüşini işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri ýola goýmagy teklip etdi.

Ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, senagat, elektroenergetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan bölümde türkmen tarapy Lebap welaýatyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny kombinirlenen görnüşe geçirmek boýunça taslamany işläp taýýarlamak maksady bilen iş toparyny döretmegi; suw hojalygy ulgamynda öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary öndürýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin ýakyn wagtda bu kompaniýalaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmegi; “Awtomobil tehnikalaryny üpjün etmek ugrunda ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri” atly “tegelek stol” maslahatyny guramagy teklip etdi. Ýapon wekiliýeti türkmen tarapynyň öňe süren tekliplerini goldady we olary durmuşa geçirmek üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy mejlisiň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama we 7 sany resminama gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar, hil taýdan täze derejä çykarylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidilendir.

Iki ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli özara döwlet we resmi saparlaryň 9-synyň amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Şeýle hem Hökümet derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki iri düzümleriň çäklerinde netijeli ösdürilýär.

Malaýziýa ýurdumyzyň halkara guramalarda öňe sürýän tekliplerini we başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Malaýziýanyň halkara tekliplerine goldaw berýär. Bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Malaýziýanyň 2025-nji ýylda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginde (ASEAN) başlyklyk etjekdigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge girişmek teklip edilýär. Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Bu ugurda ýurdumyzda 1996-njy ýyldan bäri uzak möhletleýin we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýän “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň alyp barýan işini mysal hökmünde görkezmek bolar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Malaýziýa resmi saparynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, nebitgaz, elektroenergetika, ulag we logistika, şähergurluşyk, senagat ugurlaryny ileri tutulýan pudaklar hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda döwletara utgaşdyryjy guraly — utgaşdyryjy komiteti ýa-da geňeşi döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň medeniýetde, ylymda, bilimde yzygiderli hyzmatdaşlyk alyp barmagy, innowasiýa, programma üpjünçiligine, emeli aňa, ykdysadyýete we senagata «ýaşyl» standartlary ornaşdyrmaga gönükdirilen häzirki zaman derslerini öz içine alýan hünärleriň çägini giňeltmegi hem teklip edendigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz saparynyň çäklerinde «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen 14 sany döwletara, hökümetara, pudagara resminama gol çekildi we kabul edildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Malaýziýa resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ýakynda amala aşyrylan resmi saparyň dowamynda hem birnäçe gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm resminamalara gol çekilendigini belledi. Munuň özi Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda aýgytly ädim boldy. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldap, ýurdumyzyň Malaýziýa bilen dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli awiasiýa pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň taýýarlanylan Döwlet maksatnamasy barada hasabat berdi. Maksatnamada Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini ýokary derejede üpjün etmek üçin hukuk hem-de guramaçylyk çäreleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, awiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, netijeliligini ýokary derejede üpjün etmek üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
top-arrow