Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 20.12.2024
223

«Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýän Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Şu ýylyň noýabr aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen duşuşyklar, gepleşikler, forumlar hem munuň aýdyň güwäsidir.

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara pul gaznasynyň geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bu gazna bilen geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi, şeýle hem ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly meýilleri maslahatlaşyldy.

Şol gün Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekildi.

3 — 5-nji noýabrda Aşgabatda degişli ulgamlarda ýurdumyzyň gazananlary hem-de dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän hyzmatlary, ýöriteleşdirilen enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi.

4-5-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çeýe gurallary döretmek — Duşenbe prosesiniň Kuweýt tapgyry» atly ýokary derejeli maslahatyň ministrler mejlisine gatnaşdy. Onda terrorçylyga garşy göreşmek babatda halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmakda köptaraply çemeleşmeleri ulanmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem möhüm energiýa infrastrukturasyny terrorçylyk hüjümlerinden goramak boýunça ugurdaş çäre geçirildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni bilen bolan duşuşyklarda bu bank bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine, şol sanda «ýaşyl» şäherler, suw çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça döwlet we hususy düzümleriň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda 6-njy noýabrda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

Şol gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly geçirilen «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatda oba hojalygy pudagynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak meselesine garaldy.

7-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela bilen geçirilen duşuşykda bu gurama bilen alnyp barylýan köpýyllyk hyzmatdaşlyga üns çekildi. Türkmenistanyň raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça oňyn netijeleri gazanandygy we häzirki wagtda bu ugurda öňdäki orunlary eýeleýändigi bellenildi.

Şol gün ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýett bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda taraplar dürli ugurlarda döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny nygtadylar. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulan wagtyndan bäri howanyň üýtgemegi boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berildi.

8-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan guralan Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň baş maksady «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybarat boldy. Bu meseläni oňyn çözmekde ýurdumyzyň goşan uly goşandy BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Türkmenistanyň Hökümetine gowşuran degişli güwänamasy bilen tassyklanyldy.

Şol gün Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirilip, onuň barşynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna garaldy. Hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berlip, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen geljek ýyl üçin meýilnamalar maslahatlaşyldy.

11 — 16-njy noýabrda Aşgabatda Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» atly halkara tennis ýaryşy paýtagtymyzyň halkara derejeli sport ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Oglanlardan 16 jübütiň we gyzlardan hem 14 jübütiň gatnaşan toparlaýyn bäsleşikleri türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy.

Aşgabatda 14-15-nji noýabrda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, telearagatnaşyk ulgamlarynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmak we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

15-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikler bolan dürli ugurlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny berkitmegiň meselelerine garaldy.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary maslahatlaşyldy. Şeýle hem şanly seneler — 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy, gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli alnyp barlan işleriň ähmiýeti bellenildi.

16-njy noýabrda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli jemleýji dabara, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi, türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Mundan başga-da, Magtymguly Pyraga we Änew medeniýetine bagyşlanan düzme ýazmak we ýaş suratkeşleriň eserleriniň halkara bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 16-njy noýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky meselelerine garaldy hem-de toparyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

18-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

20-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit we halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Şol gün BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bu merkez bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garaldy.

21-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen geçirilen gepleşiklerde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen 25-nji noýabrda geçiren duşuşygynda ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygy bellenildi.

Şol gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senator Stiw Deýns bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy.

26-njy noýabrda Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň bu düzüm bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesine, üstaşyr gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň we ýük akymlaryny çaltlaşdyrmagyň gurallaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.

26-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň nobatdaky 14-nji duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kauma bilen bolan duşuşykda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy.

26-27-nji noýabrda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň baş maksady ulag arabaglanyşygyny berkitmekden, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekden, durnukly we inklýuziw ulag düzümleri üçin netijeli çözgütleri işläp taýýarlamakdan, «ýaşyl» tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmakdan, ekologik taýdan arassa logistikanyň ösüşini goldamakdan hem-de durnukly ulag ulgamlary barada bilimleri artdyrmakdan ybarat boldy. Forumyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todt hem-de Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyklar geçirilip, olarda ulag ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine garaldy.

26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi. Ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmäge hem-de Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirildi.

26 — 28-nji noýabrda türkmen wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbede SPECA günleriniň çäklerinde «SPECA sebitinde «ýaşyl» ösüş» ady bilen geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň ykdysady forumyna, şeýle hem SPECA-nyň ýolbaşçylar geňeşiniň 19-njy mejlisine gatnaşdy. Forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş ugrundaky işi utgaşdyryş müdirliginiň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Gwi-Ýeop Son bilen bolan duşuşykda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli meýilnamalarydyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şol gün Türkmenistanyň we Iordan Haşimit Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen syýasy geňeşmelerde dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça meseleleriň giň toplumy maslahatlaşyldy.

27-28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly 2-nji Aşgabat maslahaty geçirildi. Onuň baş maksady howpsuzlygy, geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine parahatçylygy üpjün etmäge umumy çemeleşmeleri goldamakdan we ilerletmekden ybarat boldy.

28-nji noýabrda Aşgabatda utgaşykly görnüşde «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Ol oba hojalygyna «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga bagyşlandy. Çäräniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wiorel Gusu hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň direktory Arnold Kreýlhuber bilen duşuşyklar geçirildi.

29-njy noýabrda Wengriýada iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşdy.

30-njy noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Çendu şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýlelikde, geçen aýda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar we abraýly guramalar bilen geçiren dürli görnüşdäki halkara çäreleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasatyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow