Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 16.12.2024
2643

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, ýapon-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň şu gezekki saparynyň çäklerinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de mejlisiň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär hem-de kämilleşdirilýär. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalary bilen gaz pudagynda, himiýa senagatynda iş alyp barmakda oňyn tejribe toplady. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir.

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada indiki ýyl «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de serginiň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzda ýörite guramaçylyk toparynyň döredilendigini we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny belläp, serginiň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
top-arrow