Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Çap edildi 14.12.2024
2095

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny hemişelik Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Üstünlikli durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirmek bilen, ýurduňyzyň parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk taglymlaryna ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi. Türkmen halky Bitaraplyk ýyllarynda döwlet gurluşynda we durmuş-ykdysady ulgamda gazanan üstünliklerine daýanyp, durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Gazagystany hem-de Türkmenistany taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biz ýurtlarymyzyň arasynda ugurlaryň giň gerimini öz içine alýan strategik hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň köpugurly gazak-türkmen döwletara gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berjekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow