Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 13.12.2024
2328

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky üstünlikli ösdürilýän dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Arsen Awagýany Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Arsen Awagýanyň şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we ýokary bahasyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Ermenistan Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Waagn HAÇATURÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň we Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmenistan bilen Ermenistany deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar hem-de soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, diplomat döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen ýürekden gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni dialogyny mundan beýläk-de berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili giň ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan hem-de Ermenistan syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler. Söwda ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek, eksport-import amallarynyň görnüşlerini giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Ermenistan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi hem-de türkmen-ermeni gatnaşyklary baradaky meselelere uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan özara gatnaşyklaryň geljekde-de işjeň ösdürilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
21.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
21.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
20.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
20.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusy
20.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
20.03
«Türkmengaz» döwlet konsernine Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
20.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
19.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow