Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Çap edildi 11.12.2024
2313

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şunda Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilýändigini, sebit boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde anyk işleriň alnyp barylýandygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hanym Teri Hakala minnetdarlyk bildirip, ony başga wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýedir. Ýurdumyz bu gurama bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylandygyny belläp, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hanym Teri Hakala ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow