Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Efiopiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Efiopiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 09.12.2024
1557

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jemal Beker Abdulladan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Efiopiýanyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyga, ykdysady gülläp ösüşe gönükdirilen özgertmeler syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyzyň ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä Türkmenistanyň içeri syýasaty we dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi.

Türkmen-efiopiýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän demokratik özgertmeleriniň hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Bitarap Türkmenistanda Efiopiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, öz tarapyndan netijeli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen, Jemal Beker Abdulla Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Ilçi Jemal Beker Abdullanyň ukyp-başarnyklary, onuň öz belent wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, esasan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Taýe Aske-Selassiýe,

Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow