Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 05.12.2024
1796

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, diplomat Oman Soltanlygynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň, abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köptaraply işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.

Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwari öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şol sanda söwda, işewürlik we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, men jenap Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwarini Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary hünär derejesi we ukyp-başarnyklary özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna, hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwarini hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, bagtyýarlyk, ýurduňyza rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Haýsam bin Tarik,

Omanyň Soltany.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow