Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
Syýasy habarlar
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
Çap edildi 29.11.2024
2866

Şu gün Wengriýa iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşýar. 

...Gahryman Arkadagymyz Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasyna ugrady. 

Şu ýylyň mart aýynda bu düzümiň 15-nji mejlisiniň Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilendigini bellemelidiris. 

Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşi Türki döwletleriň guramasynyň maslahat beriji guramasydyr. Onuň düzümine belli jemgyýetçilik işgärleriniň hataryndan bellenilýän Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Aksakgallary girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu geňeşiň agzasydyr. 

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Şeýle hem Gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işiniň ileri tutulýan ugurlary, Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisde kabul edilen teklipleriň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow