Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Çap edildi 26.11.2024
45

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki wagtda milli şähergurluşyk maksatnamasynyň we dünýäniň binagärlik tejribesiniň ajaýyp nusgasyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde dowam etdirilýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda hemmetaraplaýyn tagalla edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi. Gahryman Arkadagymyz önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlap, binalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu ýerde gurulýan dürli maksatly desgalar täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.

Milli Liderimiz bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyklarda ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Bu ýerde Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de gurluşyklary dowam edýän desgalaryň taslamalary görkezildi. Şolaryň hatarynda Arkadag şäheriniň döwlet muzeýiniň, awtomobil menziliniň desgalarynyň taslamalary, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri we onuň çäklerinde önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarynyň görnüşleri bar.

Hormatly Arkadagymyz görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, bezegleriniň görnüşleri bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we düzedişlerini girizdi. Döwlet muzeýinde halkymyzyň baý taryhyna degişli gymmatly maglumatlar, şekiller ýerleşdirilmelidir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde Arkadag şäheriniň ösüşine degişli gymmatlyklaryň goýulmagy wajypdyr. Täze şäherde şanly seneleriň dabaralandyrylmagy, aýratyn-da, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Guralýan dabaralarda Arkadag şäheriniň şu güni we geljekki ösüşi, bu ýerde gazanylýan üstünlikler, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Şanly seneleriň hormatyna guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler täze şäheriň gurluşyklarynyň waspyny özünde jemlemelidir diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagynyň, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagynyň, şäherde ýokary ekologik derejäniň saklanmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, köprüleriň germewleriniň ykjamlygyna-da zerur üns berilmelidir. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynda öndüriljek önümleriň ýokary hil derejesine we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda tagalla edilmelidir. Önümçilik toplumlarymyzda ornaşdyrylýan enjamlar dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilýän desgalaryň hem birinji tapgyrdaky ýaly ýokary derejede gurulmalydygyny, olaryň hil derejesiniň ünsden düşürilmeli däldigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalar üçin kesgitlenen ýer bölekleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Arkadag şäheriniň gurluşygynyň Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň halkara hil baýragyna mynasyp bolandygyny guwanç bilen habar berdi we Gahryman Arkadagymyza degişli baýragy kabul etmek we bu ugur boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň wekiliýetini Awstriýa Respublikasyna iş saparyna ugratmaga hormatly Prezidentimizden rugsat soramak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz täze şäheriň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly desgalar toplumynyň gurluşyklarynyň amala aşyrylmagynyň şäheriň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini hem şertlendirjekdigine ünsi çekdi. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunda lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň hil derejesine we olaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga tabşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz D.Orazowyň haýyşyny hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy.

Binýat bolan döwründen bäri täze şäheriň dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara güwänamalara we degişli diplomlara mynasyp bolmagy bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine, halkara görkezijilere laýyk gelýändiginiň, Arkadag şäherinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagy ugrunda tagalla edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri degişli derejede dowam etdirmegi tabşyrdy.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri barada hasabat berdi. Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň, Halkara Bitaraplyk gününiň, Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna guraljak dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligi meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem bu ýerde şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň şatlykly pursatlara, ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini aýtdy. Guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we Arkadag şäherinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyklar mynasybetli, bagtyýar watandaşlarymyzyň Arkadag şäherinden jaý almak bagtyna eýe bolmaklary baradaky işleri ýokary derejede guramalydygyny aýtdy hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň şaýady bolan täze şäheriň çägi bilen gidip barşyna Akhan hem-de Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän aýlaw ýolunyň deňinde saklandy. Bu ýerde halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Onda häzirki zamanyň gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilli we döwrebap görnüşleri ulanylýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berklik, uzak möhletleýinlik we bezeg babatda ösen talaplara laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr, bezeg işlerinde reňkleriň sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu babatda birnäçe belliklerini aýtdy we olary ýokary derejede ýerine ýetirmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygyny we onuň merkezi künjeginde ýerleşdirilýän şekilleri synlap, bu binany “Taýçanak” diýip atlandyrmak barada öz maslahatlaryny berdi. Çünki bedew ähli arzuwlaryň wysalydyr. Bedewe atlanan belent maksatlar bilen ak ýola rowanadyr. “Taýçanak” aýlawynyň ussat seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän şäherçäniň golaýyndaky künjekde ýerleşdirilmegi, bu ýerde 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen athananyň bolmagy özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Gahryman Arkadagymyz “Taýçanak” binasynyň uzaklardan seleňläp görünmelidigini, islendik adamda uly täsir galdyrmalydygyny, umuman, onuň gurluşygynyň döwrebap derejede alnyp barylmalydygyny nygtady we hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow