Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
Çap edildi 25.11.2024
2017

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen özara bähbitlilige hem-de dostluga esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň BAE bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, durmuş desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde garaýyşlarynyň gabat gelýändigi bellenildi. Munuň özi abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat bolup durýar. Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň söwda-ykdysady ulgamda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir. Iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, geografik taýdan amatly ýerleşmegi türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen, şol sanda maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOС) bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruwä hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jabere berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow