Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 22.11.2024
242

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän kanunlaryň seljerilýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi aýdyldy.

Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” 7-nji parlamentara duşuşygyna, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň jemleýji maslahatyna hem-de “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde döredilen Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygyna gatnaşdylar. Mundan başga-da, deputatlar ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeleriň ähmiýetini, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň maksadyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada-da habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň halkara maliýe reýtingini we abraýyny ýokarlandyrmak, degişli düzümler, hususan-da, Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, agzalan agentlik tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň karz reýtingi ýokarlandyryldy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna agentlik bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen degişli teklibi hödürläp, bu çäräniň ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga, karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, döwletimiziň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini berkitmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, halkara reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwletimiziň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, konserniň “Türkmengazüpjünçilik” we “Türkmengazakdyryş” birleşikleri tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem ygtybarly üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Gaz bilen işledilýän enjamlaryň tehniki ýagdaýyna, olardan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik edilýär. Tebigy gazy tygşytly we howpsuz ulanmak, enjamlardan talabalaýyk peýdalanmak maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini gyş möwsüminde tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmegiň möhüm bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň gyş möwsümine doly taýýarlyk görmelidigini, tebigy gazyň sarp edilişine, howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda geljek ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, hasyly talabalaýyk saklamak, ony gaýtadan işlemek boýunça degişli çäreler görülýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, Mary welaýatynda önüm öndürijilerden gant şugundyryny kabul etmek, talabalaýyk saklamak hem-de gaýtadan işlemek boýunça işler alnyp barylýar. Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek, tehnikalary netijeli ulanmak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleriň geçirilýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge we tohumlyk çigitleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belledi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak üçin geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda geljek ýylda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan, mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak maksady bilen, “Türkmenistanda 2025-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýetip gelýän täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň esasy medeniýet ojaklarynda, şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde Täze ýyl arçalaryny bezemek, beýleki bezeg işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly paýtagtymyzda bezeg, Täze ýyl arçalaryny bezemek işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda taýýarlanan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň 4 — 6-njy dekabry aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu giň gerimli gözden geçirilişe Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Sergä gatnaşyjylar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlaryny, himiki we gurluşyk serişdelerini, dokma, azyk senagatynyň önümlerini, derman serişdelerini, öý hojalyk harytlaryny öndürijilerden, logistika, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalardan ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy taýýarlyk görmegiň, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde birnäçe medeni çäreleri guramak, “Merdana nesil — 2024”, “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabaralaryny, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyny, paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini, welaýatlarda, Arkadag şäherinde aýdym-sazly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Birnäçe çäreler Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe gabatlanylar. Esasy medeni çäreleriň hatarynda 15-nji dekabrda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy, “Ylham” seýilgähinde, Döwlet sirkiniň, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Arkadag şäherindäki “Arkadag Binasynyň” öňündäki meýdançalarda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri bar. Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň arasynda täze ýyl teleköprüsini guramak, baýramçylyk feýerwerki göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, dekabr aýynda ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe täze desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga beriljekdigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen bagly dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň, Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen ýaşlarynyň bu dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar, tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ugurlary boýunça iberilmegi maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlarymyzyň müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň abraýly bilim edaralarynda okaýandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 11-nji dekabrynda halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalara bagyşlanyp geçiriljek maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu abraýly guramanyň çäklerinde döwletimiz tarapyndan parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürülýän halkara başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar hem-de BMG-niň Kararnamalarynda we beýleki resminamalarynda öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde halkara maslahaty, Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygyny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçilikleri, parahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ädimleri, durnukly ösüşe ýetmek üçin milli we halkara strategiýalara bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dostluk, parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, dünýä we sebit döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine bu maslahaty ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara syýasy-diplomatik gatnaşyklar ýokary derejede alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň noýabrynda, 2023-nji ýylyň dekabrynda bu dostlukly ýurda amala aşyran resmi hem-de iş saparlary munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň fewralynda dostlukly ýurda resmi sapary, şu ýylyň ýanwarynda bolsa iş saparyny amala aşyrandygy aýdyldy. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ulag-logistika ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Mundan başga-da, medeniýet, ylym-bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Nygtalyşy ýaly, netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrylan iş saparynyň barşynda duşuşyklaryň birnäçesi, hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklar geçirildi. Saparyň barşynda başga-da birnäçe duşuşyklar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Döwletimiz ähli ugurlar boýunça dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine BAE bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge aýratyn üns bermek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli plenar mejlisi geçirmek, birnäçe sessiýalarda dürli meselelere seretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip ykrar edilmegi mynasybetli, BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatyny, “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäräni guramak meýilleşdirilýär. Halkara maslahata dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden we ýurdumyzdan 600-e golaý wekiliň, sanly ulgam arkaly 50-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýändigini, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahaty we sergini ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow