Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 15.11.2024
784

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy, döwlet we diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti tarapyndan geçirilen duşuşyga, bu guramanyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherindäki maslahatyna gatnaşdylar. Mundan başga-da, Mejlisiň wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda guralan metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça tanyşlyk okuw saparynda boldy.

Şeýle hem deputatlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanylýan üstünlikleri, geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işleri giňden wagyz etmek we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmeginiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek geljek ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu konserne degişli “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ony ýerine ýetirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Hususan-da, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreş çärelerini geçirmek işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur çäreler görülýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnamak we hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek, tehnikalary netijeli işletmek boýunça işler geçirilýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja, miwe we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle-de önüm öndürijilerden kabul edilip alnan güýzlük azyklyk ekinleriň hasylyny sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, olary talabalaýyk saklamak boýunça çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň hem-de ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamagy we gaýtadan işlemegi berk gözegçilikde saklamagyň, ýetişdirilen şaly hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegiň, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Garabogazkarbamid” zawodynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, bu önümçiligiň zerur bolan çig mal bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak, esasy tehnologik enjamlary abatlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň önüm öndüriji kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodyny taslama kuwwatynda bökdençsiz işletmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu zawodda toplumlaýyn tehniki hyzmatlary amala aşyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumyny hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, 20-nji noýabrda agzalan serginiň açylyş dabarasynyň, sebitara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň guralmagy teklip edilýär. 21-nji noýabrda bolsa söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Sebitara forumyň we serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de ony, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Atdaýewe ýüzlenip, onuň ýurdumyzyň söwda toplumynyň işini ýola goýmakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigini belledi hem-de ony, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy N.Atagulyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesini 6 aý synag möhleti bilen ýerine ýetirmegi onuň üstüne ýükledi. N.Atagulyýew özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, bu wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Kurbanowyň üstüne ýükledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipä täze bellenen orunbasaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 20-21-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde geçiriljek Özbegistan Respublikasynyň milli sergisine we Ikinji sebitara foruma ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarydyr hünärmenleri «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini üstünlikli dowam etdirdiler. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Gökdepe galasynda, Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abu Seýit kümmetinde, Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, Balkan welaýatyndaky orta asyr Dehistan şäheriniň gündogar kerwensaraýynda, «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan XIV asyra degişli binagärlik ýadygärliginde, Lebap welaýatynyň çägindäki orta asyr Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çägindäki orta asyr Daňdanakan galasynda geçirilen işler barada aýdyldy.

Şeýle-de Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň meşhur ylmy merkezleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyklara laýyklykda, birnäçe halkara ekspedisiýalar tarapyndan 2024-nji ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geçirilýän ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary öz wagtynda çap etmek hem-de olar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň neşir edilmegi ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň, gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisinde Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklara mynasyp boldy. Häzirki wagtda daşary ýurtly IT hünärmenleri, alymlar, professor-mugallymlar bilen “akylly” öý, şäher we zatlaryň interneti, olaryň dolandyrylmagyny, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak bilen bagly döwrebap tejribeler yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde “akylly” şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda daşary ýurtly alymlar, hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara ylmy-amaly maslahaty guramak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň nusgalyk ulgamy döredildi. Her ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça bäsleşik yglan edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenip, şolardan 135-si saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy noýabrynda Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli mirasymyza sarpa goýýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, dürli pudaklarda üstünlik gazanyp, ýokary döredijilik başarnygyny görkezýän ýaşlarymyz üçin geljekde hem ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow daşary syýasy işiň habarlar üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça tagallalar täze başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň 1-nji awgustyndan Daşary işler ministrliginiň düzüminde Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň işe başlamagy munuň aýdyň mysalydyr. Departamentiň esasy wezipesi ýurdumyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmakda halkara maglumat giňişliginden has netijeli peýdalanmakdan, döwrebap habar beriş usullary, jemgyýetçilik diplomatiýasy, täze maglumat-kommunikasiýa tilsimatlary arkaly Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy.

Türkmenistan hem-de onuň içeri we daşary syýasaty baradaky maglumatlary dünýä ýaýmak boýunça işler köp ýyllaryň dowamynda belli bir derejede ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlarda alnyp barylýan maglumat işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, käbir ilçihanalarymyzda metbugat attaşesi wezipesini döretmek teklip edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-tejribe žurnaly bilen daşary ýurtlarda çap edilýän ugurdaş neşirleriň gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de žurnalyň habarçylaryny daşary ýurtlarda akkreditasiýa etmek teklip edilýär.

Döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň öňdebaryjy sanly görnüşlerini ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda sanly ulgam boýunça zähmet çekýän ukyply ýaşlaryň bardygyny nazara alyp, Türkmenistanda sanly ulgam bilen bagly ähli işleri we oýlap tapyşlary merkezleşdirmek üçin halkara tejribeleriň esasynda “Sanly birleşme” atly ýörite bir zolagy döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, hasabatyň dowamynda başga-da birnäçe teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň habarlar üpjünçiligini has-da kämilleşdirmegiň, munuň üçin häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmagyň, daşary ýurt habarlar gulluklary bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny ösdürmek, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň etraplarynyň we şäherleriniň birnäçesinde demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçylar we demir ýol ulagy pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki zaman demir ýol stansiýalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
top-arrow