Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi
Çap edildi 08.11.2024
1808

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasyny gowşurdy we bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady. Resminamada müdirligiň Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan uly üstünliklerini ykrar edip, ýurdumyzda hemmeler üçin raýatlyga bolan hukuklary goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigi bellenilýär.

Hanym R.Menikdiwela pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandiniň hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyza Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça gazanylan üstünlikleri tassyklaýan degişli güwänamanyň berilmeginiň we myhmanyň saparynyň dowamynda gatnaşjak Merkezi Aziýanyň ministrleriniň raýatsyzlyk meseleleri boýunça maslahatynyň Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, daşary syýasatda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyk hem yzygiderli we netijeli häsiýete eýedir. Bu müdirlik bilen geçen döwürde birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça degişli işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde anyk işleriň amala aşyrylandygy bellenildi.

“Ata-babalarymyzyň adamkärçilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilýär we olara ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagta çenli Türkmenistanda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde raýatlygy bolmadyk 32 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, 5 müňden gowrak daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny doly we üstünlikli berjaý edýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem-de bosgunlaryň hukuklaryny goramakda alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzalygyna Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji saýlanan ýeke-täk döwlet bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklap, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
29.10
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
28.10
Ruhy we aň-paýhas kuwwaty artdyrmak — jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşiniň möhüm şerti
28.10
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.10
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli dialog arkaly tagallalar işjeňleşdirilýär
27.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy bellenildi
26.10
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
top-arrow