Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2024-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2024-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 07.11.2024
512

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu hakykat ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen aýda geçirilen syýasy geňeşmeleriň, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki köp sanly duşuşyklaryň, işewürlik gepleşikleriniň, sergileriň, maslahatlaryň, medeni çäreleriň mysalynda-da öz beýanyny tapdy.

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Işikawa Masaki bilen duşuşyk geçirildi. Onda dürli ulgamlarda, sebit we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň ähmiýeti nygtaldy.

3-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça geçirilen ýokary derejeli duşuşyk Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, sebit hem sebitara gatnaşyklary ilerletmek, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, dünýä tejribesi we pudagy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary, bilelikdäki başlangyçlary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasynyň, «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň «ýaşyl» ösüşi üçin: 2024 — 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler» atly maksatnamanyň işe girizilmegi bilen bagly meselelere, sanly aragatnaşyk, suw serişdelerini dolandyrmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

4-nji oktýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň başlygy Ditmar Krissleriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy, hususan-da, sebit howpsuzlygy we ösüş, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» hem-de sanly özgertmeler, energetika, ulag-logistika boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

8-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz iki halkyň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň doganlyk ýurduň Baştutanyny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny habar berdi.

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşygynda kompaniýanyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalarynda täze tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary işjeň ulanjakdygyna ynam bildirildi.

9-njy oktýabrda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda taraplar dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar.

9 — 12-nji oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat lukmançylyk ylmynyň häzirki zaman üstünliklerini görkezmäge, saglygy goraýyş, bilim, sport ugurlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döretdi.

10-njy oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde Aşgabat şäherindäki «Laçyn» seýilgähinde gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.

Arkadag şäherinde geçirilen VI Wena baly sungatyň halklary ýakynlaşdyrýan beýik güýje eýedigini ýene-de bir gezek görkezmek bilen, artistler we tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

10-11-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ermenistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň Prezidentleri, şeýle hem RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşyklary geçirdi.

12-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şol gün Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-mongol işewürlik maslahaty iki ýurduň arasynda işewürlik gatnaşyklarynyň, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.

12-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Şol gün ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym Simona-Mirela Mikulesku bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi.

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ruhy mirasynyň häzirki zaman türkmen döwletliliginiň binýadyny emele getirýän ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşýandygy, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda ýolgörkeziji bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Aşgabatda geçirilen Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisinde 2023-nji ýylyň maýyndaky «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi seljerildi we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.

14-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda parlament we kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, zenan parlamentarileriň we ýaş deputatlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikinji türkmen-koreý geňeşme maslahaty geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen geçirilen duşuşykda bu jemgyýetiň işiniň netijeliligi bellenildi hem-de medeniýet, sungat, ylym, bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

15-16-njy oktýabrda türkmen wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif, federal energetika ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşyklary geçirildi. Olarda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna, ŞHG-ä agza ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisi, Hazar deňziniň gündogar kenarýakasy boýunça Eýrana we Hindistana çykalgasy bolan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi ýaly çäk hem gurluş taýdan özara baglanyşykly bolan, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere garaldy.

16-njy oktýabrda paýtagtymyzda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, senagat toplumy ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Şeýle hem işewür düzümleriň ugry boýunça, ylmy-tehniki ulgamda, öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak babatda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Şol gün Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi.

16-njy oktýabrda Daşary işler ministrliginde Ýewraziýa Patent Guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy Grigoriý Iwliýew bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen ÝPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda milli işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we intellektual eýeçiligi goramakda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

17-18-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisinde Arkalaşyga girýän ýurtlarda durmuş-zähmet pudagyndaky ýagdaýlar baradaky meseleleriň giň toplumyna garaldy.

21-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara atom energiýasy agentliginiň 2024 — 2029-njy ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda atom energiýasynyň lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.

22-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen geçirilen duşuşykda «ýaşyl» we durnukly energetika, metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, energiýany saklamak we ibermek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak babatda özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

22-nji oktýabrda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeron bilen duşuşyk geçirildi. Onda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, howanyň üýtgemegi meselesinde türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

23-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmelerde taraplar syýasy-diplomatik dialogy ösdürmek barada pikir alyşdylar, daşary syýasaty meýilleşdirmegiň, ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygynyň, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň işgärler syýasatyny durmuşa geçirmegiň, sebit we halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

23 — 25-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi geçirildi. Bu çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika bazaryndaky soňky meýillere syn bermekden we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat boldy.

24-nji oktýabrda Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýan bilen geçirilen duşuşykda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşmalar boldy. Duşuşykda taraplar özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

24-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň we sebitdäki ähli ýurtlaryň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň netijesi bolup durýar.

25-nji oktýabrda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň güýje girmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda abraýly we kanuny ählumumy halkara forum, parahatçylygy goramagyň hem-de pugtalandyrmagyň kepili hökmünde, halkara giňişlikde bähbitleriň deňagramlylygyny saklamakda bu guramanyň wajyp ähmiýeti aýratyn bellenildi.

26-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm waka öwrüldi.

29-njy oktýabrda Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen geçirilen duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

30-njy oktýabrda RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyklar, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda taraplar ýerine ýetirilen işler we dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar.

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan hem-de şu gezekki synda beýan edilen köp sanly çäreler Türkmenistanda ählumumy abadançylygyň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine çykmak babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow