Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Çap edildi 06.11.2024
1961

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitleri goramak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, saýlanan Prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow